Ï Türkmenistan wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýar

view-icon 1295
Türkmenistan wirtual aktiwleri düzgünleşdirmek we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmak boýunça maksatlaýyn işleri alyp barýar

21-nji noýabrda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Türkmenistanda wirtual aktiwleri düzgünleşdirmegiň we maýning tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň 2026 – 2030-njy ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamasy barada hasabat berdi.

Hasabata laýyklykda, resminama ýurdumyzda sanly aktiwler bazarynyň işlemegi üçin hukuk, tehnologik we guramaçylyk binýadyny kemala getirmek, olary durmuşa geçirmek boýunça anyk çäreleri, möhletlerini we jogapkär edaralary göz öňünde tutýar.

Şeýle hem «Ýol kartasy» bu ugurda halkara tejribäni öwrenmek, degişli kanunçylygy taýýarlamak, energiýa we aragatnaşyk infrastrukturasyny ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we synag taslamalaryny durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly ugurlary kesgitleýär. Kiberhowpsuzlygy üpjün etmäge, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmaga we bu ugurda tejribeli hünärmenleri taýýarlamaga aýratyn üns berilýär.

Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna «Ýol kartasynyň» taslamasy we ýörite Döwlet toparynyň döredilmegi baradaky teklip hödürlenildi. Milli ykdysadyýete sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy baradaky teklibi makullap, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

«Ýol kartasy» döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy esasynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň teklipleri we maslahatlary göz öňünde tutulyp işlenip düzüldi.