Ï Türkmenistanyň we Angola Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň we Angola Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

view-icon 1305
Türkmenistanyň we Angola Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň arasyndaky telefon arkaly söhbetdeşlik

2025-nji ýylyň 14-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Angola Respublikasynyň Daşary işler ministri Tete Antoniunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Gepleşikleriň barşynda taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň özara gyzyklanma döredýän ileri tutulýan ugurlary boýunça gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar halkara düzümleriniň, ilkinji nobatda BMG-niň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň, şol sanda taraplaryň başlangyçlaryna özara goldaw bermegiň ähmiýetini aýratyn bellediler.

Söhbetdeşligiň esasy mowzuklarynyň hatarynda şu ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň taýýarlyk meseleleri boldy.