Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň şanly 30 ýyllyk toýuna mynasyp sowgat bilen barýan kuwwatly kärhanalaryň biri hem Türkmenabadyň pagta egriji fabrigidir. Gahryman Arkadagymyzyň ak pata bermeginde 2009-njy ýylyň oktýabr aýynda açylyp ulanylmaga berlen bu döwrebap kärhanada işleriň guramaçylykly ýola goýulmagy netijesinde ýylyň ýylyna ýokary netijeler gazanylyp, göz öňünde tutulýan meýilnama artygy bilen amal edilýär.

Bu üstünligiň gazanylmagynda agzybirlikli çekilýän zähmet bilen birlikde fabrigiň önümçiliginde Germaniýanyň «Trutşler» kompaniýasynyň önümi bolan 20 sany darak enjamlaryň, Italiýanyň «Marzoli» we «Sawiýa» kompaniýalarynyň degişlilikde 24 sany egriji we 11 sany saraýjy enjamlaryň, şeýle hem Şweýsariýa, Türkiýe döwletlerinde öndürilen häzirkizaman enjamlaryň ornaşdyrylmagy aýratyn ähmiýete eýedir. Önümçilik gerek bolan çig mal bilen welaýatyň pagta arassalaýjy zawodlary tarapyndan üpjün edilýär. Fabrikde işçi-hünärmenleriň 590-dan gowragy zähmet çekýär. Bu ýerde «halypa-şägirtlik» ýolunyň ýöredilmegi fabrige täze işe gelen ýaş hünärmenleriň çylşyrymly tehnologiýalar bilen işlemekligiň usullaryny çalt öwrenmeklerine ýardam edýär. Bu bolsa kärhananyň ýokary öndürijilik derejesini saklamaklygyna ýardam edýär. Şeýle hem bu ýerde işleriň sanly tehnologiýa arkaly dolandyrylmagy öndürilýän önümiň ýokary hil derejesini saklamaklyga we işleri üznüksiz alyp gitmeklige şert döredýär.
Önümçilikde alnyp barylýan işiň dowamynda arassalanan pagta ilki tüýdüji, saýyjy we daraýjy enjamlardan geçirilýär hem-de alnan önüm birleşdirilip, bir görnüşli süýüme getirilýär. Soňra süýüm egriji we saraýjy bölümlerden geçilip, agramy 2,5 kilogramdan gowrak bolan ýumaklara — taýýar önüme öwrülýär hem-de gaplaýjy bölümde harytlyk görnüşine getirilýär. Alyjylaryň islegleri esasynda kärhanada ýüplükleriň 20, 27 we 34 belgili görnüşleriniň öndürilýändigini hem belläp geçmek bolar. Kärhanada kämil enjamlar bilen üpjün edilen, çig malyň we taýýar önümleriň hilini kesgitleýän barlaghananyň hereket etmegi işiň jogapkärçiligini artdyrmak bilen birlikde, taýýar önümlere bolan islegiň ýokary bolmaklygyna ýardam edýär.
Kärhanada işçi-hünärmenleriň tutanýerli zähmeti netijesinde degişli döwürde 3 müň 912 tonna ýokary hilli nah ýüplük öndürilipdir. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň başyndan bäri bu ýerde manat hasaby boýunça meýilnamanyň 112,6 göterim amal edilendigini-de belläp geçmek bolar. Bu kuwwatly kärhanada taýýar önümleri ýerleşdirmek boýunça hem işler talaba laýyk ýola goýlupdyr. Şu ýylyň 11 aýynda nah ýüplügiň 3 müň 694 tonnasy içerki bazarlara we daşary ýurtly sarp edijilere ugradylypdyr.
Türkmenabadyň pagta egriji fabriginde gazanylýan ýokary netijeler ýurdumyzyň milli ykdysadyýetinde esasy orunlaryň birini eýeleýän dokma senagaty pudagynyň ösüşlerine mynasyp goşantdyr.