Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde türkmen suratkeşleriniň bu şöhratly senä bagyşlanan eserleriniň sergisi açyldy. Sergide 150 eser görkezilipdir.

Şolaryň biri milli lybasdaky 30 sany oglan gurjakdan ybarat bolan halk amaly senetleriniň sergisidir. Parahatlygyň goragynda duran bu ýigitleri ýurdumyzyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynyň Çagalar we ýetginjekler merkeziniň mugallymy Gülälek Babagulowa döredipdir.

Suratlaryň arasynda iň täsirlisi Rahman Umarowyň «Meniň Watanym» atly suratydyr. Juwan gelniň nazary dogduk ülkesindäki ähli janly zada ýaşaýyş bagyş edýän bol suwly Amyderýa gönügipdir. Gelniň başyndan emaý bilen syrylyp düşen gyňajy derýa suwy bilen bir bitewülige öwrülýän uzyn akyma meňzeýär. Rahman Umarow – simwolikaçy suratkeş, Watan mowzugy bolsa onuň işlerinde esasy ugurlaryň biridir. Ol bu mowzugy hemişe inçeden nepislik bilen açyp görkezmegi başarýar.

Sergidäki suratlaryň köpüsi çagalyga bagyşlanýar. Olaryň ählisi diýen ýaly ýagty, şatlykly öwüşginlerde ýerine ýetirilipdir, şonuň üçin-de tomaşaçylara kuwwat beriji täsir edýär we olaryň ruhuny göterýär. Bir surat – Mähri Çaryýargulyýewanyň «Parahatlyk tansy» atly eseri mowzugy boýunça Bitaraplyk baýramyna örän ýakyn. Gyzlar bal tansyna taýýarlyk görýärler, onuň parahatlyk hakdadygyna bolsa dürli halklaryň milli lybaslarynyň tapawutly aýratynlyklary şaýatlyk edýär.

Rejepberdi Muhammedowyň «Düýe» atly suraty tomaşaçylary degişmesi bilen özüne çekýär. Suratkeş äpet düýäniň ýanynda duran kiçijek gyzjagazy çekipdir. Berdaşly aýaklar, äpet göwre we dik ýokary göterilen kiçijek kelleli örän uzyn boýun bu haýwany çaganyň gözüniň öňünde dinozawra diýseň meňzedýär.

Çagalyk baradaky suratlaryň arasynda birnäçesi häzirki wagtda ýurdumyzyň şäherlerinde köp gurlan seýilgählerde dynç alýan çagalara bagyşlanypdyr. Suratkeşler Ogultäç Myratgulyýewanyň we Ýazjemal Geldimyradowanyň suratlaryna «Bagtly gün» diýlip at berlendigi bellenmäge mynasypdyr. Bu – düşnükli zat: oglan-gyzlar üçin häzirki zaman attraksionlarynyň ülkesinde bolmak, hakykatdanam, ýatdan çykmajak bagtdyr.

Arzuw Ataýewiň «Kim birinji?» atly örän gowy eseri oglanlaryň welosiped ýaryşyny suratlandyrýar. Welosiped ýaryşyna gatnaşýan ýetginjekler batyrlygy, şatlygy we oglanlyk hyjuwyny başdan geçirýärler – olaryň her biri birinji bolmak islegi bilen joşýar. Bu zatlaryň ählisini öz işinde Arzuw beýan edipdir.

Şirin Gylyjowa sergide şaý-sepler toplumyny görkezdi. Şolaryň biri bolan «Tumar» atly gülýaka tomaşaçylara şeýle bir ýarady welin, Şirin, hatda olaryň islegi boýunça, ony dakyp görkezdi. Onuň ýanynda bolsa Öwez Öwezow başga bir şaý-sepler toplumyny görkezýärdi. Bu zergäriň Arkadag şäherinden gelendigini bilenlerinden soň, myhmanlar onuň şaý-seplerini gyzyklanma bilen gözden geçirmäge başladylar.


