Ï Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy geçirildi

view-icon 306
Aşgabatda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy geçirildi
camera-icon
Meretdurdy Rozyýew

Şu gün Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumyna gatnaşmak maksady bilen, ýurdumyza gelen daşary ýurt wekiliýetleriniň gatnaşmagynda paýtagtymyzda Bitaraplygyň 30 ýyllyk binasynyň açylyş dabarasy hem-de Bitaraplyk binasynyň meýdanynda baýdak galdyrmak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň halkara giňişliginde giň goldawa eýe bolýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýar. Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda Türkmenistana ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli guraldygyny subut etdi.

Halkara jemgyýetçiligi onuň tutuş sebit üçin ähmiýetini ykrar etmek bilen, bu hukuk ýagdaýyny birnäçe gezek tassyklady. Birleşen Milletler Guramasynyň resminamalary, şol sanda Baş Assambleýanyň kararnamalary bu syýasatyň häzirki döwürde möhümdiginiň hem-de üstünliklidiginiň subutnamasy bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasatynyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 3 sany Kararnamalary bilen berkidilen we ösdürilen pugta halkara-hukuk binýady bar. Bu resminamalar Bitaraplyk doktrinasynyň syýasy ýörelgeden başlap, halkara diplomatiýasynyň köpugurly guralyna çenli ösüşini beýan edýär.