Ï Türkmenistanyň şähergurluşygynda milli binagärlik däpleri we innowasiýalar sazlaşykly utgaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň şähergurluşygynda milli binagärlik däpleri we innowasiýalar sazlaşykly utgaşýar

view-icon 94
Türkmenistanyň şähergurluşygynda milli binagärlik däpleri we innowasiýalar sazlaşykly utgaşýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň gurluşyk we senagat toplumynyň işgärlerine iberen Gutlagynda häzirki zaman milli binagärlik çözgütleriniň özboluşly aýratynlyklaryna ünsi çekdi.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, binagärligiň gadymdan gelýän milli däpleriniň we dünýäniň öňdebaryjy tejribeleriniň sazlaşykly utgaşdyrylmagy ýurdumyzda gurulýan desgalaryň esasy aýratynlyklarynyň biridir. Ak mermerli Aşgabatda, döwrebap Arkadag şäherinde hem-de welaýat merkezlerinde gurluşygy batly depginler bilen dowam edýän medeni-durmuş maksatly binalar, ýaşaýyş jaý toplumlary we «akylly» şäheriň gurluşyklary döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha pugtalanýandygyny görkezýär.

«Bu işler gurluşyk pudagynyň ata-babalarymyzyň köpasyrlyk tejribesini häzirki zaman innowasion çözgütleri bilen baýlaşdyryp, döwrüň talaplaryna laýyklykda ösýändigine şaýatlyk edýär» diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.