Ï Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

view-icon 64
Hepdäniň dowamynda ýurdumyzda boljak howa barada maglumat

Türkmenistanda hepdäniň ahyrynda ýagşyň ýagmagyna garaşylýar. Ýagşyň ýagmagy gijelerine howanyň ep-esli salkynlamagyna sebäp bolar. Gündizlerine bolsa howanyň temperaturasy +20…+29 gradus aralygynda maýyl bolar.

Aşgabat şäherinde üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +17…+19 gradusdan +23…+25 gradusa çenli, gijelerine bolsa +8…+10 gradusdan +12…+14 gradusa çenli maýyl bolar.

Ahal welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +16…+21 gradusdan +24…+29 gradusa çenli, gijelerine +5…+10 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl bolar.

Balkan welaýatynda bulutly howa bolup, howa gündizlerine +20…+25 gradus, gijelerine +6…+11 gradusdan +9…+14 gradusa çenli maýyl bolar. Kenarýaka sebitlerinde howanyň temperaturasy +15…+20 gradus maýyl bolar.

Mary welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +18…+23 gradusdan +25…+30 gradusa çenli, gijelerine +4…+9 gradusdan +10…+15 gradusa çenli maýyl bolar.

Lebap welaýatynda bulutly howa bolup, howa gündizlerine +17…+22 gradusdan +23…+28 gradusa çenli, gijelerine +3…+8 gradusdan +10…+15 gradusa çenli maýyl bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, howa gündizlerine +10…+15 gradusdan +18…+23 gradusa çenli, gijelerine bolsa –1…+4 gradusdan +4…+9 gradusa çenli maýyl bolar.