Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Girts Ýaunzemsden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy myhmany döwlet Baştutanymyzyň adyndan ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de iki ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak işinde we Türkmenistan bilen Latwiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekde üstünlikleri arzuw etdi.
Ilçi hoşniýetli arzuwlar üçin hoşallyk bildirip, Latwiýa Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa iberen mähirli salamyny ýetirdi hem-de iki ýurduň halklarynyň rowaçlygynyň bähbidine türkmen-latwiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diplomatik tejribelerini, bilimlerini gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda diplomat Türkmenistanda durmuşa geçirilýän içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlary bilen tanyşdyryldy. Döwlet Baştutanymyzyň amala aşyrýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeleriniň, türkmenistanlylaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen döwlet maksatnamalarynyň ýerine ýetirilişine aýratyn üns berildi.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçirilen duşuşygyň çäklerinde deňhukuklylyk, özara bähbitlilik ýörelgeleriniň binýadynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň dürli ugurlardaky meseleleri boýunça özara pikir alşyldy. Ilçi türkmen parlamentiniň düzümi we kanun çykaryjylyk işi bilen hem tanyşdyryldy.
Duşuşygyň ahyrynda ilçi Latwiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösdürilmegi babatda zerur tagallalary gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Siziň Alyhezretiňiz,
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary we özara düşünişmegi dowam etdirmek hem-de pugtalandyrmak maksady bilen, men jenap Girts Ýaunzemsi Latwiýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.
Onuň ýokary şahsy häsiýetleri öz üstüne ýüklenen wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, ony hoşniýetli kabul etmegiňizi we Latwiýa Respublikasynyň adyndan ähli beýan etjeklerine, şeýle hem Size iň gowy arzuwlarymy ýetirende oňa doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Hormatlamak bilen,
Edgar Rinkewiç,
Latwiýa Respublikasynyň Prezidenti