Ï «Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizildi

view-icon 120
«Türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmek sungaty» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna girizildi

2025-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Hindistan Respublikasynyň Nýu-Deli şäherinde ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň dowam edýän 20-nji mejlisinde Türkmenistan tarapyndan hödürlenen «Türkmen alabaýyny ösdürip ýetişdirmek sungaty» atly nominasiýany Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň wekilçilikli sanawyna goşmak barada gutarnykly karar kabul edildi.

Bu karar garaşsyz hünärmenleriň we ÝUNESKO-nyň baha beriş toparynyň ýokary we oňyn seljermeleriň esasynda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça hökümetara komitetiniň 24 agzasy tarapyndan biragyzdan kabul edildi.

Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri boýunça Milli toparynyň sekretariaty hem-de «Türkmen alabaýlary» halkara birleşigi tarapyndan taýýarlanan dalaşgärlik resminamasy itleri öndürip ösdürýän ussatlaryň hem-de maşgalalaryň, alym-barlagçylaryň, şeýle hem alabaýlary ösdürip ýetişdirmek sungatynyň meşhur bilermenleriniň we muşdaklarynyň giňden gatnaşmagyny öz içine aldy. Bu, şol bir wagtyň özünde, dalaşgärligi taýýarlamakda däp-dessurlary şu wagta çenli saklap gelýän adamlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmegiň oňyn mysaly hökmünde bellenildi, şeýle-de bu işde zenanlaryň möhüm orny nygtaldy.

Bu mirasy gorap saklamak üçin döwlet syýasatynyň çäklerinde, ýerli dolandyryş edaralary, hökümete degişli däl guramalar we däp-dessurlarymyzy dowam etdirijiler bilen ýakyn hyzmatdaşlykda görülýän toplumlaýyn we yzygiderli çärelere ýokary baha berilýär. Bu bolsa türkmen alabaýlaryny ösdürip ýetişdirmegiň gadymy däbiniň durnuklylygyny saklamagy we nesilleriň dowamlylygyny pugtalandyrmagy üpjün edýär.

Hökümetara komitetiniň mejlisiniň işi şu ýylyň 13-nji dekabryna çenli dowam eder.