Ï Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik: ýurdumyzyň serhetlerinden uzaklara uzaýan ýörelge
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik: ýurdumyzyň serhetlerinden uzaklara uzaýan ýörelge

view-icon 199
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärlik: ýurdumyzyň serhetlerinden uzaklara uzaýan ýörelge

Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýadygärligiň açylyş dabarasy boldy. Dabarada Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary we daşary işler ministri Raşid Meredow çykyş etdi.

Daşary işler ministri Raşid Meredow çykyşynyň başynda paýtagta halkara foruma gatnaşmak üçin gelen ähli wekiliýetlere çuňňur hoşallygyny bildirdi hem-de bu ýagdaýyň ynsanperwerlik we adalat ýörelgelerine bolan umumy ygrarlylygy alamatlandyrýandygyny belledi.

Aşgabatdaky forumyň aýratyn möhüm ähmiýeti bar, sebäbi ol birnäçe möhüm seneleri we başlangyçlary mälim edýär: BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda yglan edilen we ähli agza döwletler tarapyndan biragyzdan goldanylan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Halkara Bitaraplyk güni we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy.

Ýadygärligiň açylyş dabarasynyň BMG-niň 80 ýyllygyny belleýän ýylynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Täze toplum dünýäde uzak ýyllaryň dowamynda parahatçylygy, howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün etmek ugrunda edýän tagallalara goýulýan hormatyň nyşanydyr. Bu ýadygärlik Türkmenistanyň Bitaraplygynyň ýörelgesini – dostlugy, özara düşünişmegi, ynamy, agzybirligi we jebisligi özünde jemleýär.

«Ýadygärligiň açylyşy ýurduň saýlan taryhy ýoluny, içerki we daşarky syýasatyny kemala getirmekde Bitaraplygyň esasy ornuny alamatlandyrýar. Bu esasy ýörelgeden ugur alyp, Türkmenistan durnukly ösüşe, howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge, adam hukuklaryny goramaga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen milli we halkara maksatnamalaryny durmuşa geçirýär» diýip, R.Meredow aýtdy.

Wise-premýer şeýle hem toplumyň Bitarap Türkmenistanyň paýtagty Aşgabatda ýerleşýändigine garamazdan, onuň habarynyň milli serhetlerden has uzaklara ýaýraýandygyny nygtady.

«Ol ähli halklar üçin açyk giňişlik hökmünde göz öňünde tutulýar, her bir milletiň gapma-garşylyk däl-de, gepleşik arkaly parahatçylyga, howpsuzlyga we ösüşe hukugynyň bardygyny ýatladýar. Halkara tejribesinde Bitaraplyga, köplenç, «ynam köprüsi» diýlip, ol birleşdirýän gurluş hökmünde hasaplanýar. Türkmenistan bu ugruň tarapdary bolup, daşary syýasatda BMG-niň Düzgünnamasyna esaslanyp, ähli döwletleriň özygtyýarlylygyny goldaýar we parahatçylykly hyzmatdaşlyk medeniýetini ösdürýär» diýip, R.Meredow belledi.