Ï Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda ulgamlaýyn çemeleşmäni öňe sürmekdäki öňbaşçylygy ykrar edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda ulgamlaýyn çemeleşmäni öňe sürmekdäki öňbaşçylygy ykrar edildi

view-icon 396
Türkmenistanyň halkara gatnaşyklarynda ulgamlaýyn çemeleşmäni öňe sürmekdäki öňbaşçylygy ykrar edildi

Aşgabatda geçirilen Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumynyň ýokary derejeli wekilleri — döwlet we hökümet Baştutanlary halkara gatnaşyklarynda ulgamlaýyn çemeleşmäni yzygiderli ilerledýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar etdiler. Bu barada maslahatyň jemleri boýunça kabul edilen Aşgabat Jarnamasynda bellenilýär.

«Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk syýasaty arkaly Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyllarynyň, ynamy pugtalandyrmak çäreleriniň amaly nusgasy bolup hyzmat edýän 2023-nji ýylyň we Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllarynyň çäklerinde ählumumy çäreleri başlap we durmuşa geçirip, halkara gatnaşyklarda gepleşige, parahatçylyga, ynanyşmaga esaslanýan yzygiderli çemeleşmäni öňe sürýän Türkmenistanyň öňbaşçylygyny ykrar edýäris» diýlip halkara resminamada bellenilýär.

Forumyň hormatly wekilleri deň we bölünmez howpsuzlyk ýörelgesine esaslanýan bu köptaraplaýyn çemeleşmäniň diňe bir syýasy durnuklylyga däl, eýsem, durmuş, ykdysady, ekologiýa we ynsanperwer durnuklylygyna hem ýardam edýändigini, şunlukda, ählumumy parahatçylyk medeniýetini berkidýändigini tassykladylar.

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Halkara Bitaraplyk gününe we Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan halkara forum 12-nji dekabrda Aşgabatda geçirildi. Oňa Ermenistanyň, Yragyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Russiýanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň Prezidentleri, şeýle hem Azerbaýjanyň, Gruziýanyň, Pakistanyň premýer-ministrleri we beýleki birnäçe döwletleriň wekilleri gatnaşdylar.