Ï «Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy

view-icon 725
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
«Behişdi bedewler» atly Täze ýyl sirk çykyşy
camera-icon
Ýusup Türşekow

Täze ýyl baýramynda sirk çykyşlaryna tomaşa etmek aşgabatly çagalar we paýtagtymyzyň myhmanlary üçin asylly däpleriň biridir. Türkmen döwlet sirkiniň döredijilik topary bolsa öz tomaşaçylary üçin täze bir tomaşa taýýarlady.

Dabarany Täze ýyl baýramynyň baş gahrymanlary Aýazbaba bilen Garpamyk açdy, olar çagalary we ene-atalary ýurdumyzda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygary astynda bellenýän 2026-njy ̶ Täze ýyl bilen gutladylar.

Sirk sungatynyň däbine laýyklykda, hemişe-de ilkinji bolup howa gimnastikaçysy çykyş edýär. Ýarganat keşbine giren Aýlar Bibilowa deprek gümmürdisiniň astynda halkada erkin hereketler edip, «Ýarganat» atly çykyşy aňsatlyk bilen ýerine ýetirdi. Bu gimnastikaçy gyz – Aşgabat şäherindäki 19-njy orta mekdebiň okuwçysy. Ol sirkiň gümmeziniň astynda halypasy Selbi Şyhyýewanyň kömegi bilen geçen ýyl ilkinji gezek çykyş etdi.

Howa gimnastikaçysynyň jan edip ýerine ýetiren çykyşy «Restoranda» atly gülküli çykyşa öz ornuny berdi. Ol ýerde alty sany görmekli maýmyn ofisiantlar we müşderiler bolup oýnaýardylar. Guýrukly sirk artistleri ýüz keşplerini oýnatmak bilen, tomaşaçylary güldürýärdiler.

Darbazlar topary «Ýol» atly täze çykyşy görkezdi. Toparyň düzümi we ýerine ýetiriji ussatlyk uslyby düýpden üýtgäpdir. Artistler uçýan ýaly böküş hereketlerini, yzygider aşyr atmalary we saltolary «breýk» tansy görnüşinde ýerine ýetirdiler, bu bolsa çykyşy görnetin janlandyrdy we ony has gyzykly hem täsirli etdi. Çykyşlary ýekelikde Halap Baýrammyradow ýerine ýetirýärdi.

Ýene-de orkestriň deprek sesi ýaňlanýar – sahnada eli syrykly –deňagramçylar üçin uzyn taýakly Arslan Kürräýew. Darbazlar Remezan Akmyradow, Elnar Meňlalyýewa we Gurbannazar Annamyradow dagy ýaşdyklaryna garamazdan – iň kiçisi bary-ýogy dört ýaşynda – aňsatlyk bilen ýokaryk dyrmaşdylar we özboluşly, ýöne örän howply oýunlary ýerine ýetirdiler.

Elmira we Zarýana Goşaýewalaryň pudel tohumyndan bolan owadan itleri täze oýunlar bilen çykyş etdiler. Tomaşaçylar çykyşlary joşgunly el çarpyşmalar bilen garşyladylar.

«Kauçuk» atly çykyşynda üç gimnastikaçy gyz tomaşaçylary, hakykatdanam, özleriniň kauçuk ýaly çeýeligi bilen haýran galdyrdy. Bu çykyş «Ýylan» çykyşy diýlip hem atlandyrylýar, sebäbi gyzlar ýumurtgadan üç sany kiçijik ýylanyň çykyşyny görkezdiler. Ýylanlar ýumurtgadan çykanlaryndan soň, derrew dostlaşdylar we bilelikde ýaşaýyşdan lezzet almaga başladylar.

Sirkde arakesme çagalar üçin goşmaça şatlykdyr. Bu wagtda bu ýer mekdep arakesmesindäki ýaly şowhunly bolýar.

Çünki ýaldyrawuk Täze ýyl sowgatlarynyň söwdasy aldygyna gidýär we özüne göwni ýetýän oglan-gyzlar at münmek hem unudylmajak täsiri başdan geçirmek üçin, nobata durýarlar. Çalasyn çagalar, elbetde, masgarabazlar Pena Myratdurdyýew we Esber Ataberdiýew ýaly iň söýgüli artistleri bilen surata düşmek mümkinçiligini-de elden bermeýärler.

«Behişdi bedewler» – sirk maksatnamasynyň ikinji bölegi şeýle atlandyrylýar. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň şöhratly çapyksuwarlary iň abraýly halkara atçylyk sungaty festiwallarynyň alty gezek ýeňijileridir. Dünýä belli «Galkynyş» topary biziň milli buýsanjymyzdyr. At hiç haçan yza tesmez – bu onuň tebigatyna ters gelýär. Ýöne Türkmenistanyň at gazanan atşynasy Serdar Pygyýewiň Dalamat atly aty diňe bir muny ýerine ýetirmän, eýsem üsti çapyksuwarlyka, «ýüpbökdi» hem oýnaýar. Jigitleriň ählisi-de şem, piramida, çarh, at üstünde žonglýorlyk we başga oýunlary ýerine ýetirenleriň ählisi-de ussatlyk görkezdiler. Şunda tizlik, batyrlyk we dogum her bir çykyşyň hemrasy boldy.

Çapyksuwar artistleriň arasynda täze gelenler hem bar, olaryň iň kiçi ikisi – Remezan Akmyradow we Batyrhan Pygyýew Türkmenistanyň halk seýsi Pygy Baýramdurdyýewiň agtyklary.

Tomaşa artistleriň dabaraly ýörişi bilen tamamlandy. Sahna Täze ýyl baýramyna gatnaşanlaryň hemmesi çykdy. Olaryň arasynda at üstünde Aýazbaba we Garpamyk hem bardy, bu bolsa şu ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» şygaryny alamatlandyrýardy.