Hormatly Prezidentimiziň eziz Diýarymyzy dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykarmak, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek baradaky aladalarynyň çäklerinde oba hojalyk toplumynda, telekeçilik ulgamynda nusgalyk ösüşler gazanylýar.
Bu ugurda şowly başlangyçlar, guwandyryjy gadamlar bilen başlanan 2026-njy, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ̶ bedew batly at - myradyň mekany» ýylynda Balkan welaýatynda-da uly işler barha rowaç alýar.

Günbatar sebitiň Bereket etrabynyň «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň düzümindäki guşçulyk toplumynyň önümçilik görkezijileri hem oňa aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumy bu gün bäsleşige ukyply, ekologiýa taýdan arassa önümleri öndürip, sarp edijileriň arasynda meşhurlyga eýe boldy.
Öňdebaryjy daýhan hojalygynyň 50 gektar meýdany tutýan önümçilik desgalarynda ýyllyk kuwwaty 8 müň tonna barabar towuk etini öndürýän bölüm, şeýle-de 12 million jüýje çykarýan inkubatorly, 16 million azyklyk ýumurtga öndürmäge niýetlenen guşçulyk toplumy hereket edýär. Olarda ýumurtga we et ugurly towuklary talabalaýyk idetmek hem-de köpeltmek üçin döwrebap şertlerdir mümkinçilikler bar. Ençeme ýyl ozal «Nurly meýdan» daýhan hojalygy inkubatorly guşçulyk toplumyny işe girizmek bilen Diýarymyzda ilkinji bolup, inkubasiýa boýunça taslamany durmuşa geçirdi. Şunda häzirki zaman guşçulyk pudagynda synagdan geçirilen öňdebaryjy tehnologiýalar ýerlikli ulanyldy. Şeýle-de toplumda «Enelik towuk» taslamasy boýunça guşçulyk fermasynyň işi alnyp baryldy.

Gürrüňi edilýän döwrebap toplumda ýaşajyk jüýjelerden bary-ýogy 40-45 günüň dowamynda her biriniň agramy birnäçe kilogramdan geçýän broýler tohumly towuklar kemala gelýär. Olar kada laýyk agramlaryna ýetensoň, toplumyň iýmitlik et taýýarlanýan bölümine geçirilýär. Işleriň köpüsi awtomatlaşdyrylan usulda ýerine ýetirilýär. Şeýlelikde, ýaraşykly, göze gelüwli gaplara gaplanyp, taýýar önümler alyjylara ugradylýar.
Ýumurtga öndüriji bölümiň işleri hem sazlaşykly guralypdyr. Bu ýerde 50 müň towuk idedilýär hem-de olardan göwnejaý önüm alynýar. Täze ýyly mynasyp zähmet sowgatlary bilen garşylan hünärmenler iýmitlik ýumurtgadyr towuk etini öndürmek boýunça-da degişli önümçilik tabşyryklaryny artygy bilen berjaý etdiler.

Guş toplumyndaky ene towuklary ýokumlylygy, kuwwatlylygy babatda tapawutlanýan iýmler bilen iýmitlendirýärler. Elbetde, şu ýagdaý ene towuklaryň önüm berijiligine, alynýan ýumurtgalaryň hil derejesine täsirini ýetirýär. Guşlaryň ösüşi üçin peýdaly, ýokumly bolan iýmleriň hemmesi-de öňdebaryjy daýhan hojalygynyň öz zawodynda öndürilýär. Onuň ýyllyk kuwwaty-da 72 müň tonna iým öndürmäge niýetlenendir.
Bölümlerde arassaçylyk düzgünleriniň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini, otaglaryň howasynyň arassalygyna, çyglylygyna üns berilýändigini nygtamak gerek.

Öňdebaryjy daýhan hojalygynda guşçulyk pudagyny ähli taraplaýyn ösdürmekde uly mümkinçilikleriň jemlenendigi has-da guwandyryjy hakykatdyr. Bu bolsa öndürilýän ýokary hilli önümleriň özüne düşýän gymmatyny aşaklatmaga, ahyrky netijede içerki sarp ediş bazarlarynda elýeterli bahalardan bolçulygy döretmäge ýardam berýär.
Ýakyn geljekde hem «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň guşçulyk toplumy önümçilik kuwwatyny has-da artdyrmagy maksat edinýär. Geçen ýyl olar Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň Lebap hem-de Balkan welaýat alyjylar jemgyýetleri birleşikleriniň Türkmenabat we Balkanabat şäherleriniň golaýyndaky Guş toplumlarynyň önümçilik binalaryny kärendesine aldylar. Häzirki wagtda bu täze önümçiliklerde işler guramaçylykly ýola goýlup, önüm öndürmekde görnükli netijeler gazanylýar. Bölümlerde arassaçylyk düzgünleriniň, weterinariýanyň talaplarynyň gyşarnyksyz berjaý edilýändigini aýratyn nygtamak gerek.

Hünärmenleriň gürrüň bermegine görä, ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny, hususy hojalyk ulgamyny ösdürmekde döwlet derejesinde döredip berilýän şertlerdir mümkinçilikler «Nurly meýdan» daýhan hojalygynyň düzümindäki guşçulyk toplumynyň gazanýan zähmet üstünliklerinde-de öz mynasyp beýanyny tapýar. Munuň üçin olar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyş, hoşallyk sözlerini beýan edýärler.