Ï Kämil tehnikalar ýokary hilli ekişiň girewi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Kämil tehnikalar ýokary hilli ekişiň girewi

view-icon 574
Kämil tehnikalar ýokary hilli ekişiň girewi

Ýurdumyzyň agrosenagat toplumyny mundan bu ýana-da ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň möçberini artdyrmak, ulgamyň düşewüntliligini ýokarlandyrmak maksady bilen netijeli işler durmuşa geçirilýär. Bu möhüm pudagyň maddy-enjamlaýyn binýady yzygiderli berkidilýär, önümçilige innowasion tehnologiýalar dowamly ornaşdyrylýar.

Oýlanyşykly alnyp barylýan giň gerimli işler netijesinde ýurdumyz boýunça öndürilýän oba hojalyk önümleriniň mukdary yzygiderli ýokarlanýar. Şonuň bilen birlikde milli baýlygymyz bolan «ak altynyň», esasy azyklyk ekini bugdaýyň, beýleki oba hojalyk ekinleriniň ekişine ýerleri ýokary derejede taýýarlamak, ekişi ýokary hil derejesinde bellenilen wagtda agrotehniki talaplara laýyk geçirmeklige aýratyn üns berilýär. Häzirki wagtda bolsa ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň oba hojalykçylary gowaça ekişine taýýarlyk işlerini giňden ýaýbaňlandyrýarlar.

Ekiş döwründe kuwwatly, ýokary öndürijilikli tehnikalaryň köpçülikleýin we doly güýjünde işledilmegi bu jogapkärli möwsümi öz wagtynda we ýokary hil derejesinde geçirmeklige şert döredýär. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, häzirki wagtda welaýatyň «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň etraplardaky «Obahyzmat» önümçilik kärhanalaryna hem-de daýhan birleşiklerine degişli bolan oba hojalyk gurallarynyň aglabasynyň möwsüme taýýar edilmegi aýratyn bellärliklidir. Has takygy, häzirki wagta çenli welaýatda borona-malalaryň 7 müň, 4 hatarly SÇH – 4B görnüşli kämil ekijileriň 393- si, «Monosem» görnüşli takyk gowaça ekijileriň 64-si tehniki taýdan gözden geçirilip, möwsüme doly taýýarlyk ýagdaýynda goýlupdyr.

Welaýatda gowaça ekijiler bilen birlikde gögeriş gazanylan ýerlerde gowaçalaryň hatarara bejergisini geçirmeklige niýetlenen oba hojalyk gurallaryny we tirkeglerini taýýarlamak işleriniň hem tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýandygyny belläp geçmek bolar. «Lebapobahyzmat» önümçilik birleşiginiň ygtyýarynda bar bolan 66 sany 6 hatarly «Orthman-8325» görnüşli kultiwatorlaryň we bu kärhana degişli 33 sany 8 hatarly «Orthman-8375» kysymly kultiwatorlaryň ählisi, şeýle hem KHU-4B görnüşli kultiwatorlaryň hem 991 sanysy doly gözden geçirilip, möwsüme taýýarlyk ýagdaýyna getirilipdir. Şeýle hem welaýat boýunça çuň ýumşadyjylaryň 67-si, çizelleriň hem 27-si möwsüme taýýar edilipdir. Ýeri gelende gowaça ekişi möwsüminde işlediljek tehnikalar, ekijiler we tirkeg gurallary üçin ätiýaçlyk şaýlarynyň hem ýeterlik mukdarda taýýarlanylýandygyny belläp geçmek möhümdir. Sebitde bu ugurda zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary, esasan, Türkmenabat abatlaýyş zawodynda ýasalýar. Bu ýerde plastikden, ýagny polipropilenden, şeýle hem alýuminiý we çoýun metallaryndan eredip guýmak arkaly ýasalýan ätiýaçlyk şaýlary hiliniň ýokarylygy, durnuklylygy we önümiň özüne düşýän gymmatynyň pesligi bilen tapawutlanýar.

Lebap welaýatynyň oba hojalykçylarynyň ýaz ekişine ykjam we ählitaraplaýyn taýýarlyk görmekleri, olaryň ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň giňden bellenilýän «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň gowaça ekişini bellenilen möhletde, agrotehniki kadalara ýaýyklykda geçirjekdiklerine güwä geçýär.