Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe watansöýüji, ukyp-başarnykly, beden taýdan sagdyn hem-de terbiýeli ýaş nesilleri kemala getirmek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan anyk kesgitlenen strategik wezipeleriň biridir. Üstünlikli durmuşa geçirilýän ýaşlar syýasaty hem ýaş türkmenistanlylaryň şahsyýet taýdan kemala gelmegine, ösmegine, ukyp-başarnyklarynyň ýokarlanmagyna, jemgyýetiň hem-de döwletiň bähbitlerine, ýaşlaryň aň-paýhas, döredijilik, ruhy mümkinçiliklerini has doly amala aşyryp bilmekleri üçin mümkinçilikleri giňeltmäge has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilendir.
Şunuň bilen baglylykda, kabul edilen «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşiniň maksady Garaşsyz Watanymyzyň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna ýaşlaryň işjeň gatnaşmagyny üpjün etmek, ýaş nesli watançylyk, ynsanperwerlik we zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek üçin has amatly hukuk şertlerini döretmek bolup durýar. Döwlet Baştutanymyzyň ýaşlaryň durmuş-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ulgamlarda gazanan üstünliklerine hem-de ýeten sepgitlerine bagyşlanan «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly eseri ýaşlaryň ýankitabyna öwrüldi. Şunuň bilen birlikde, «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023 – 2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynyň» çäklerinde ýaşlara dürli halkara çärelerine işjeň gatnaşmaklary üçin giň mümkinçilikler döredilýär.
Geljegimiz bolan ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösen, ruhy taýdan sagdyn, işbaşarjaň hem zehinli bolup ýetişmekleri döwletimiziň baş aladasydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde halkymyzyň uzak taryhyň dowamynda toplan, kämilleşdiren baý durmuş tejribesine, häzirki zaman ylmynyň, medeniýetiniň gazananlaryna daýanylyp, türkmen ýaşlarynyň bilim, ylym, medeni we ruhy ahlak taýdan sazlaşykly ösmegi üçin ähli döwrebap şertler bar. Olardan netijeli peýdalanýan ýaş nesiller ýurt we halkara derejesinde geçirilýän ýaryşlara we bäsleşiklere işjeň gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Watanymyzyň abraý-mertebesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga goşant goşýan ýaşlarymyz yzygiderli sarpalanýar. Geçen ýylyň dekabrynda hormatly Prezidentimiz halkara sport ýaryşlarynda we ders bäsleşiklerinde baýrakly orunlara mynasyp bolan ýaşlara hem-de olaryň halypa mugallymlaryna, tälimçilerine sylaglary gowşurdy. Bu waka türkmen ýaşlaryny täze zähmet üstünliklerini gazanmaga ruhlandyrdy.
Kalby buýsançdan we hyjuwdan doly ýaş nesiller bagtyýarlyk döwrümizde Watanymyzyň döwlet berkararlygyny, onuň hemişelik Bitaraplygyny pugtalandyrmak, ýurdumyzyň abadançylygyny we mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün etmek ugrunda bilimlerini has-da kämilleşdirip, yhlasly zähmet çekýärler.