Ï Türkmenistanyň DIM-nde Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Sekretary bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Sekretary bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 279

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Hindistan Respublikasynyň DIM-niň Günbatar işleri boýunça Sekretary Sibi Jorjyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkme-hindi ikitaraplaýyn gatnaşyklaryny, şeýle hem sebitleýin we halkara düzümleriniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin ýokary syýasy derejede özara duşuşyklaryň we saparlaryň möhümdigi nygtaldy.

Diplomatlar iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky dialogy pugtalandyrmaga gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň DIM-leriniň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşygy guramagyň mümkinçiligi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň möhümdigi aýratyn nygtaldy.

Taraplar Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologik hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hindi toparynyň nobatdaky mejlisine taýýarlyk görmek bilen baglylykda bu ugurda hyzmatdaşlyk mehanizmlerini giňeltmek boýunça pikir alyşdylar.

Diplomatlar bilim we medeniýet babatda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň netijelidigini nygtadylar.