Ï Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

view-icon 216
Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi
Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi
Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi
Aşgabatda türkmen-hindi syýasy geňeşmeleri geçirildi

2026-njy ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-nde Türkmenistanyň we Hindistan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, hindi tarapyna bolsa Hindistan Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Günbatar işleri boýunça sekretary Sibi Jorj ýolbaşçylyk etdi.

Geňeşmeleriň dowamynda taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, ylym, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça giň gerimli meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini hem-de ýakyn wagtda Türkmenistanyň we Hindistanyň Daşary işler ministrleriniň arasynda duşuşygyň geçirilmeginiň maksadalaýykdygyny bellediler.

Parlamentara gepleşikleriň derejesiniň, şeýle hem türkmen-hindi gatnaşyklarynyň hukuk binýadyny ösdürmek boýunça bilelikdäki işleriň üstünde durlup geçildi.

Diplomatlar iki ýurduň sebitleýin we halkara düzümleriniň, esasan hem BMG-niň çäklerinde hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýetini bellediler.

Iki ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga özara gyzyklanmalaryny bildirdiler hem-de Söwda, ykdysady, ylmy we tehnologiki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-hindi toparynyň işiniň möhümdigini nygtadylar.

Mundan başga-da, taraplar energetika, ulag, oba hojalygy we beýleki ulgamlardaky häzirki we geljekki taslamalary jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Iki ýurduň hususy pudaklarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmegiň möhümdigi nygtaldy.

Syýasy geňeşmeleriň dowamynda taraplar medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy we şu ýylda geçiriljek bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar.