Ï Guwandyryjy önümçilik görkezijileri gazanylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Guwandyryjy önümçilik görkezijileri gazanylýar

view-icon 391
Guwandyryjy önümçilik görkezijileri gazanylýar
camera-icon
Aýzada Muhammedowa

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň sebitlerdäki önümçilik düzümleri maksadalaýyk işleri durmuşa geçirýärler. Olar mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň giňden belleniljek «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň her iş gününi guwandyryjy zähmet görkezijilerine besleýärler.

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabyndaky Türkmenistanyň Gahrymany Gurbansoltan eje adyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasy hem şeýle öňdebaryjy kärhanalaryň biridir. Täze, 2026-njy ýyly mynasyp zähmet görkezijileri bilen garşylan bu kärhananyň zähmet topary geçen ýyl tikin we aýakgap önümlerini taýýarlamakda ýokary zähmet üstünliklerini gazandylar. Has takygy, gürrüňi edilýän döwürde öndürilen tikin önümleriniň ösüş depgini 133 göterime barabar boldy. Şeýle üstünlikler bolsa harytlaryň sarp edijilere ýokary hil derejesinde ýetirilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Şu günlerde bolsa Magtymguly etrabyndaky tikin we aýakgap döwlet kärhanasynyň işgärleri «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň ilkinji aýyny üstünlikli jemlemek ugrunda has-da netijeli zähmet çekýärler.