Ï «Obahyzmat» ÖB-niň hünärmenleri meýdan işleri üçin tehniki enjamlary taýýarlaýarlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Obahyzmat» ÖB-niň hünärmenleri meýdan işleri üçin tehniki enjamlary taýýarlaýarlar

view-icon 237
«Obahyzmat» ÖB-niň hünärmenleri meýdan işleri üçin tehniki enjamlary taýýarlaýarlar

Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň «Obahyzmat» önümçilik kärhanasynyň hünärmenleri öňümizdäki ýazky meýdan işleri üçin oba hojalyk tehnikalaryny we enjamlaryny öz wagtynda ýokary derejede taýýarlamak üçin degişli işleri alyp barýarlar.

Olar şu günler dürli enjamlaryň deslapky barlaglaryny we ýagdaýyny anyklaýyş işlerini geçirýärler, berkidijileri barlaýarlar we topragyň görnüşine hem meýilleşdirilen işlere görä, dürli enjamlary sazlaýarlar, olaryň hereketli böleklerini ýaglaýarlar, şeýle hem beýleki zerur tehniki hyzmatlary ýerine ýetirýärler.

Kärhanada bellenen öňüni alyş we abatlaýyş işleriniň tertibine berk eýerilýär. Ökde hünärmenleriň alyp barýan işleriniň netijesinde, bu ýerde eýýäm haşal otlardan arassalaýan traktorlar üçin 18 sany agyr kultiwator, 24 sany pagta ekiji, şol sanda bäş sany takyk ekýän «Monosem» kultiwatory we ýedisi alty hatarly «Orthman» kysymly kultiwator bolan 31 kultiwator eýýäm işe taýýar edildi.

Kärhananyň işgärleri, şol sanda H.Bäşimow, I.Bäşimow, B.Tajimow we beýlekiler öňde duran jogapkärli möwsümde oba hojalyk tehnikalarynyň sazlaşykly işlemeginiň köp babatda olaryň abatlaýyş işleriniň hiline baglydygyna düşünýärler.

Häzirki wagtda oba hojalyk tehnikasyny we dürli enjamlary taýýarlamak boýunça şeýle işler welaýatyň beýleki etraplarynda-da alnyp barylýar.