Ï Türkmenistanda öňdebaryjy banklaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda öňdebaryjy banklaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

view-icon 317
Türkmenistanda öňdebaryjy banklaryň maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylar

Türkmenistanda maliýe ulgamyny tehnologik taýdan täzelemegiň täze tapgyryna badalga berildi. Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurduň öňdebaryjy banklarynyň infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak boýunça teklipleri makullady.

Bu iş «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynyň» çäginde alnyp barylýar. Onuň esasy maksady bank ulgamyny ýokary tehnologiýaly ulgama öwürmekdir. Konsepsiýadan gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek üçin Merkezi bankyň, «Türkmenistan» döwlet täjirçilik bankynyň, «Türkmenbaşy» paýdarlar täjirçilik bankynyň maddy-tehniki binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça işler alnyp barylýar.

Görülýän çäreler häzirki zaman maliýe tehnologiýalarynyň işjeň ösdürilmegine, iň täze maglumat we aragatnaşyk ulgamlarynyň ornaşdyrylmagyna, bank amallarynyň ilat we işewürlik üçin has çalt we elýeterli derejä geçirilmegine gönükdirilendir.

Degişli banklaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek baradaky teklipleri makullap, Döwlet Baştutanymyz wise-premýer H.Geldimyradowa degişli çäreleri görmegi tabşyrdy.