Ï Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

view-icon 102
Türkmenistanyň wekiliýeti Dubaýda geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 2026-njy ýylyň 3–5-nji fewraly aralygynda Dubaý şäherinde geçirilýän Bütindünýä hökümet sammitine gatnaşýar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Sammitiň işine 30-dan gowrak döwlet we hökümet ýolbaşçylary, 150-ä golaý hökümet wekiliýeti, şeýle hem dünýä kompaniýalarynyň ýolbaşçylaryndan, halkara maliýe guramalarynyň we bilim edaralarynyň wekillerinden ybarat bolan jemi 6 müňe golaý gatnaşyjy gatnaşýar.

Sammitiň gün tertibine ählumumy dolandyryş meseleleri, emeli aň tehnologiýalarynyň ösüşi, howanyň üýtgemegi we ykdysady kynçylyklary çözmäge gönükdirilen utgaşykly çemeleşmeler girizildi.

«Ählumumy bileleşikleriň geljegi» atly sessiýada çykyş etmek bilen, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow dünýä jemgyýetçiliginiň ýüzbe-ýüz bolýan möhüm meselelerini çözmekde Türkmenistanyň çemeleşmesini beýan etdi.

Türkmenistanyň halkara hukugyna hormat goýmak, özara bähbitleri nazara almak we durnukly ösüşiň bähbidine her bir ýurduň mümkinçiliklerinden peýdalanmak esasynda döwletleriň arasynda utgaşykly hyzmatdaşlygy goldaýandygy bellenildi.

Bu çemeleşme anyk başlangyçlarda hem öz beýanyny tapýar. Hususan-da, Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjy öňe sürendigi nygtaldy. Türkmenistan jogapkärli çemeleşmä, öňünden çaklama we açyklyga esaslanýan netijeli köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy goldaýar.

Çykyşda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň anyk gurallary, şol sanda netijeli döwlet dolandyryşy, bilermen tejribeleriniň alyş-çalşygy, ulag arabaglanyşygy arkaly ýurtlaryň ykdysady mümkinçiliklerini açmak we energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak meseleleri beýan edildi.

Bütindünýä hökümet sammitiniň işi dowam edýär.