Ï Bereketli tikinçileriň batly gadamlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bereketli tikinçileriň batly gadamlary

view-icon 116
Bereketli tikinçileriň batly gadamlary
camera-icon
Andreý Pakulow

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň her bir iş gününi ýokary zähmet üstünliklerine besleýän göreldeli önümçilik düzümleriniň biri Balkan welaýatynyň Bereket şäherindäki tikin fabrigidir. Döwrebap kärhanada dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň kämil tilsimatlara, ösen tehnologiýalara daýanýan täze enjamlarynda işlenilmegi bereketli tikinçileriň oňat ykdysady görkezijilere eýe bolmagyny şertlendirýär.

Bu ýerde tejribeli tikinçiler ýylyň-ýylyna däp bolşy ýaly, «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem mynasyp zähmet üstünliklerini gazanýarlar. Fabrigiň ezber elli tikinçi gelin-gyzlary agzybirlikde döredijilikli zähmet çekmek bilen, şu ýylyň ilkinji aýyny-da üstünlikli jemlediler. Munuň şeýledigine tikinçileriň bellenilen döwürde meýilnamany artygy bilen berjaý edip, dürli tikin önümleriniň 18 müň 250-sini öndürmekleri hem aýdyň şaýatlyk edýär. 150 işçi orunlyk tikin fabrigi üçin zerur çig malyň, matanyň ýurdumyzda öndürilýändigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Fabrigiň önümçiliginde gündelik ulanylýan matanyň ýyllyk mukdary hem 1 müň 140 tonna barabardyr.

Şu günlerde bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ösüşlerinden ruhlanan tikinçiler edara-kärhanalaryň, guramalaryň, hususy kärhanalaryň buýurmalaryny bökdençsiz ýerine ýetirýärler. Olar dürli görnüşdäki önümleri ýokary hilli taýýarlap, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly 35 ýyllyk baýramynyň giňden toýlanyljak «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny guwandyryjy zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler.