2025-nji ýylyň 5-nji fewralynda Stambulyň Medipol uniwersitetinde 2026-njy ýylyň şygaryna - «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygara bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.
Çärä Türkmenistanyň Stambuldaky Baş konsuly Ö.Jumanazarow, uniwersitetiň ýolbaşçylary we professor-mugallymlar düzümi, şeýle hem Türkiýe Respublikasynda bilim alýan türkmen talyplary gatnaşdylar.
Çykyş edenler 2026-njy ýylyň şygarynyň Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmakda we onuň halkara abraýyny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedigini bellediler. Ganatly bedewleriň ýurduň depginli ösüşini, belent maksatlaryny we geljege bolan uly ymtylmasyny alamatlandyrýandygy nygtaldy.
Medipol uniwersitetiniň wekilleri öz çykyşlarynda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ýokary derejesini we durnukly ösüşini belläp, bilim we ylym ulgamynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge gyzyklanma bildirdiler.
Çäräniň dowamynda türkmen diplomatlary Medipol uniwersitetinde bilim alýan türkmen talyplary bilen duşuşyk geçirip, onuň dowamynda okuw, ýaşlaryň jemgyýetçilik-medeni durmuşa gatnaşmagy bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.