Ï TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy

view-icon 96
TDHÇMB-nyň söwdalarynda geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” hem-de “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň önümi bolan suwuklandyrylan gazy, “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen karbamidi, kükürtden arassalanan dizel fraksiýasyny satyn aldylar. Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Ukrainanyň telekeçilerine pagta ýagynyň çökündisi, pagtanyň çig ýagly turşulygy, pagta ýagynyň çökündisiniň distilirlenmedik ýagly turşulygy, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümler ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 7 million 133 müň dollaryndan gowrak boldy.

Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 669 million 542 müň manatdan gowrak bolan binýatlyk ýagy, polipropileni, nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” döwlet konserni), portlandsementi, nah ýüplügi, çig ýüpegi, şeýle hem bugdaý ununy satyn aldylar.