Ï BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 103
BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Türkmenistandaky Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň ýöriteleşdirilen edaralary bilen hyzmatdaşlygynyň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem Aşgabat şäherinde ýakyn wagtda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet gullukçylary üçin ikinji sebitleýin okuw maslahatyna taýýarlyk we ony üstünlikli geçirmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.