Ï Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

view-icon 143
Türkmenistanyň Baş konsulynyň Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi bilen duşuşygy geçirildi

2026-njy ýylyň 9-njy fewralynda Türkmenistanyň Owganystan Yslam Respublikasyndaky Baş konsuly B.Kabaýewiň (Mazary-Şarif ş.) Owganystanyň Balh welaýatynyň häkimi Mohammad Ýusuf Wafa bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň barşynda taraplar dostlukly gatnaşyklaryň netijesinde durmuşa geçirilýän iri infrastruktura taslamalary, söwda-ykdysady, ulag-üstaşyr we energetika ugurlary boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen bagly meseleler boýunça giňişleýin pikir alyşdylar.

Şeýle hem taraplar 2026-njy ýylyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» atly şygaryna bagyşlanan hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilýän çäreler barada durup geçdiler.