Ï BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

view-icon 103
BSGG-nyň Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk

2026-njy ýylyň 10-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Bütindünýä Saglygy goraýyş Guramasynyň (BSGG) Aşgabatdaky Ýurt boýunça edarasynyň ýolbaşçysy Egor Zaýsewiň we Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary Azat Öwezowyň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň BSGG bilen ileri tutulýan ugurlar boýunça hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy hem-de geljekki ösüş mümkinçilikleri barada pikir alyşdylar.

Şu ýylyň fewral aýynda Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän Ählumumy saglygy goraýyşda diplomatiýa meseleleri boýunça ýokary derejedäki Dialogyna taýýarlyk meselelerine aýratyn üns berildi.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga özara gyzyklanma bildirip, saglygy goraýyş ulgamynda bilelikdäki başlangyçlary we taslamalary amaly taýdan ilerletmäge taýýardyklaryny tassykladylar.