Türkmenistanyň paýtagtynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 12-nji ýöriteleşdirilen sergisi açyldy. Bu çäre ikitaraplaýyn ykdysady gepleşigi berkitmek we iki doganlyk döwletiň arasyndaky söwda-maýa goýum gatnaşyklaryny giňeltmek üçin iň möhüm meýdançasynyň biri hökmündäki derejesini ýene-de bir gezek tassyklady.
Sergi senagat mümkinçiliklerini görkezmek we Türkmenistanyň milli ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek üçin netijeli gural bolup hyzmat etmek bilen, öňdebaryjy önüm öndürijileri, maýa goýumçylary we bilermenleri bir ýerde jemledi.
Bu forumda energetika we telekommunikasiýa çözgütlerinde ýöriteleşen «Mitaş Industry» kompaniýasynyň teklipleri aýratyn ünsi çekdi. «Mitaş Industry» kompaniýasynyň menejeri Irana Ýunusowa-Karabaçak «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen bolan söhbetdeşlikde holdingiň işiniň dünýä derejesindäki täsirini nygtamak bilen, «Mitaş Industry» kompaniýasynyň önümleriniň dünýäniň 145 ýurduna eksport edilýändigini we önümçilik desgalarynyň diňe Türkiýede däl, eýsem, Fransiýa we Italiýa ýaly ÝB-niň ýurtlarynda hem ýerleşýändigini belledi.
«Türkmenistan biziň üçin dogduk mekan. Biz bu ýurduň depginli durmuş-ykdysady ösüşine ýokary baha berýäris we bu işe uly goşant goşup, türkmen elektrik energiýasynyň uly bazaryndaky ornumyzy has giňden tutmaga taýýardyrys» diýip, kompaniýanyň wekili belledi.
Kompaniýanyň menejeri onuň esasy iş ugurlary barada gürrüň berdi. Olaryň arasynda elektrik energiýasyny geçiriji we paýlaýjy gurluşlaryň taslamasy hem önümçiligi, gaýtadan dikeldip bolýan energiýa infrastrukturasynyň ösdürilmegi, telekommunikasiýa diňleriniň we ýyldyrym sowujy ulgamlaryň gurluşygy, şeýle hem ulag pudagy üçin sütünleriň we gurluşlaryň önümçiligi bar.
«Kompaniýa häzirki wagtda isleg bildirilýän önümlerini bu sebite gönüden-göni eksport edýän hem bolsa, onuň ýolbaşçylary Türkmenistanda wekilhana açmak niýetini mälim edýärler. Bu ädim kompaniýanyň has ýakyndan hyzmatdaşlyk etmegine we doganlyk ýurdumyzda amala aşyrylýan iri möçberli infrastruktura taslamalary üçin uzak möhletli, durnukly çözgütleri hödürlemegine mümkinçilik berer» diýip, işewür zenan sözüniň üstüne goşdy.
Şu ýyl Türkiýe Respublikasyndan, takmynan, 100 kompaniýa we işewür birleşik Aşgabatda öz eksport mümkinçiliklerini görkezýär. Sergide ýeňil we azyk senagatyndan başlap, ýokary tehnologiýaly önümçilik, maşyn gurluşygy we gurluşyk pudaklaryna çenli ähli esasy pudaklar bar.