Ï Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar

view-icon 77
Türkmen wekiliýeti Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň Berlindäki duşuşygyna gatnaşýar

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Berlinde Germaniýanyň Federal Daşary işler ministri bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow gatnaşdy. Gepleşikleriň esasy ugurlary energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini, sebit hyzmatdaşlygynyň meselelerini we beýlekileri öz içine aldy.

«Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatyndaky plenar mejlisde çykyş eden Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary sebit ýurtlary bilen Germaniýanyň arasynda strategik dialogyň pugtalandyrylmagynyň ähmiýetini belläp geçdi hem-de duşuşygy ýokary derejede gurandygy üçin nemes tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Şeýle hem Merkezi Aziýa döwletleriniň Germaniýa bilen gatnaşyklarynyň yzygiderli we konstruktiw häsiýete eýedigi nygtaldy. Şol bir wagtda taraplaryň geljegi uly bolan umumy mümkinçiliklerine laýyk gelýän hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykarylmagynyň zerurdygy bellenildi.

Çykyşda sebit howpsuzlygynyň meselelerine aýratyn üns berildi. Merkezi Aziýada we ýanaşyk sebitlerde durnuklylygy üpjün etmek maksady bilen syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň möhümdigi nygtaldy.

Ykdysady ugur boýunça Germaniýa Federatiw Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň uly mümkinçiliklere eýedigi nygtaldy. Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we logistika, energetika, senagat önümçiligi, himiýa senagaty, maşyn gurluşygy, saglygy goraýyş we derman senagaty, oba hojalygy toplumy, suw hojalygy, şeýle hem maglumat tehnologiýalary we emeli aň ulgamyndaky işläp taýýarlamalar görkezildi. Şeýle-de sebit ýurtlarynyň çäginde bilelikdäki önümçilikleri, hyzmat ediş we bilim merkezlerini döretmek üçin uly mümkinçiliklere eýedigi bellenildi.

Howanyň üýtgemegi bilen bagly gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistan Germaniýanyň ekologiýa başlangyçlaryny öňe sürmekdäki ornuna ýokary baha berdi hem-de Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) degişli taslamalaryň durmuşa geçirilmegine goşýan goşandyny aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem hyzmatdaşlygyň ynsanperwer ölçeginiň – medeni, bilim, ylmy we sport gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň ähmiýeti nygtaldy.

Duşuşyga gatnaşyjylaryň çykyşlarynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Germaniýa üçin möhüm hyzmatdaş bolup çykyş edýändigi, aýratyn-da energetika, serişdeler bilen üpjünçilik we howa üýtgemegi bilen bagly syýasat ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygyň giňeldilýändigi bellenildi. Duşuşygyň jemleri boýunça köpugurly hyzmatdaşlygy öz içine alýan we «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň ösdürilmegine goşmaça itergi bermäge gönükdirilen Ministrleriň Berlin deklarasiýasy kabul edildi.

***

Plenar mejlis tamamlanandan soň, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrleriniň nemes işewür toparlarynyň wekilleri bilen bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy.

Türkmen tarapy öz çykyşynda german kompaniýalary we maliýe düzümleri bilen köpýyllyk oňyn hyzmatdaşlyk tejribesini aýratyn belläp geçdi. Şeýle hem German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetine işewür gatnaşyklary ösdürmek boýunça yzygiderli alyp barýan işleri, şol sanda 2025-nji ýylyň oktýabr aýynda Frankfurt şäherinde geçirilen «Türkmenistanyň ykdysadyýet günleri» çäresini gurandygy üçin minnetdarlyk bildirildi.

Ileri tutulýan ugurlar hökmünde ulag we logistika, demir ýol infrastrukturasynyň döwrebaplaşdyrylmagy, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň ösdürilmegi, şeýle hem «Gündogar – Günbatar» üstaşyr geçelgeleriniň we Aziýa bilen Ýewropany birleşdirýän Orta geçelgäniň (Middle Corridor) kemala getirilmegine german kompaniýalarynyň gatnaşmagy görkezildi.

Şeýle hem energetika, şol sanda wodorod taslamalary we «ýaşyl özgerilişik», himiýa senagaty, dokmaçylyk, oba hojalygy, suw hojalygy, maglumat tehnologiýalary we emeli aň ugurlary geljegi uly bolan hyzmatdaşlyk ugurlary hökmünde görkezildi.

Maliýe-bank we saglygy goraýyş ulgamlaryndaky üstünlikli hyzmatdaşlyga hem aýratyn üns berildi. Türkmen tarapy german kompaniýalary bilen ikitaraplaýyn esasda hem, «Merkezi Aziýa – Germaniýa» formatynyň çäklerinde hem hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge taýýardygyny beýan etdi.

***

2026-njy ýylyň 11-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer bilen bilelikdäki duşuşyga gatnaşdy. Duşuşykda taraplar türkmen-german gatnaşyklarynyň yzygider esasdaky ösüşini tassykladylar hem-de «Merkezi Aziýa – Germaniýa» görnüşiniň çäklerinde we halkara meýdançalarda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) we Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) çäklerinde hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň möhümdigini nygtadylar.

Ulag, energetika, «ýaşyl» özgerilişik, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan gyzyklanma beýan edildi. Duşuşygyň ahyrynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýarlyk tassyklanyldy.

***

Şeýle hem 11-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň Federal Daşary işler ministrliginiň Syýasy departamentiniň direktory Dominik Mutter bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

***

Şol gün Berlinde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow Germaniýanyň Bundestagynyň Daşary işler boýunça komitetiniň başlygy Armin Laşetiň Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň wekilleri bilen geçiren bilelikdäki duşuşygyna gatnaşdy.

Taraplar parlamentara hyzmatdaşlygyň ösüş depginine ýokary baha berdiler. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Germaniýanyň Bundestagynyň arasynda gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň, parlament dostluk toparlarynyň işini işjeňleşdirmegiň möhümdigi nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň parlamentleriniň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň yzygiderli duşuşyklaryny guramak mümkinçiligini öwrenmek teklip edildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň we Germaniýanyň halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň we ÝHHG-niň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Armin Laşeti we german wekiliýetiniň agzalaryny özleri üçin amatly bolan wagtda Türkmenistana sapar bilen gelmäge çagyrdy. Duşuşygyň ahyrynda hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga taýýarlyk tassyklanyldy.