Ï Rowaçlyga tarap ugur: Türkmenistanda 2025-nji ýylyň jemleri jemlendi we geljek üçin wezipeler kesgitlenildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Rowaçlyga tarap ugur: Türkmenistanda 2025-nji ýylyň jemleri jemlendi we geljek üçin wezipeler kesgitlenildi

view-icon 75
Rowaçlyga tarap ugur: Türkmenistanda 2025-nji ýylyň jemleri jemlendi we geljek üçin wezipeler kesgitlenildi

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň jemlerine bagyşlanan Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Bellenilişi ýaly, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» şygary astynda geçen 2025-nji ýyl Türkmenistan üçin uly üstünlikleriň we durnukly ösüşiň ýyly boldy.

Ulgamlaýyn özgertmeleriň we halkymyzyň tutanýerli zähmetiniň netijesinde ýurdumyzyň ösüşiniň ýokary depginlerini saklamak mümkin boldy. Jemi içerki önümiň ösüşiniň 6,3 göterim bolmagy gazanylan üstünlikleriň esasy görkezijisidir.

Şunuň bilen baglylykda, pudaklar boýunça ösüşiň barşy hem bellenildi. Senagat pudagynda ösüş 1,8 göterime, söwda ulgamynda 9,6 göterime, oba hojalygynda bolsa 7 göterime deň boldy.

Ýurdumyzyň iri we orta kärhanalarynda 7 müňe golaý täze iş orunlarynyň döredilmegi ýylyň möhüm durmuş netijesi boldy.

2025-nji ýyl giň gerimli gurluşyklaryň ýylyna öwrüldi. Ähli maliýeleşdiriş çeşmeleriniň hasabyna önümçilik we durmuş-medeni maksatly desgalaryň 116-sy ulanmaga berildi. Ýaşaýyş jaý meselesine aýratyn üns berlip, 645 müň inedördül metr ýaşaýyş meýdany açyldy. Şeýle hem ýurdumyzda ilkinji «akylly» şäher bolan Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryny amala aşyrmak boýunça innowasion taslama dowam etdirildi.

Oba hojalygynda hem oňat netijeler gazanyldy: daýhanlarymyz bol hasyl ýygnap, içerki bazary üpjün etdiler we Türkmenistanyň azyk howpsuzlygyny berkitdiler. Ykdysady ösüşler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek we döwrebap hukuk kadalaryny ornaşdyrmak boýunça işjeň işler alnyp baryldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mejlisi jemläp, 2026-njy ýyl üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitledi. Şunda esasy üns raýatlaryň maddy hal-ýagdaýyny mundan beýläk-de ýokarlandyrmaga, milli ykdysadyýeti senagatlaşdyrmaga we sanly ulgama geçirmäge gönükdirildi.