Ï Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Imperatoryň doglan güni mynasybetli kabul edişlik gurady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Imperatoryň doglan güni mynasybetli kabul edişlik gurady

view-icon 102
Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy Imperatoryň doglan güni mynasybetli kabul edişlik gurady

Aşgabatda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan Onuň Alyhezreti Imperator Naruhitonyň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlik geçirildi.

Bu çärä ýokary derejeli myhmanlar, şol sanda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow, ýurdumyzda işlemek hukugyny alan diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, halkara guramalaryň, telekeçi düzümleriniň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri gatnaşdy.

Türkmen dilindäki gutlag çykyşynda Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sasaki Hirosi iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň strategik taýdan möhümdigini nygtady. Iki taraplaýyn ýokary derejeli gatnaşyklaryň ösüşine aýratyn üns çekildi. Hususan-da, ilçi geçen ýylda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «EXPO – 2025» Bütindünýä sergisine hem-de «Merkezi Aziýa – Ýaponiýa» dialogynyň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşmak üçin Ýaponiýa iki gezek sapar edendigini ýatlady.

– Iki saparyň dowamynda hem Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Onuň Alyhezreti Imperator bilen duşuşdy. Daşary ýurduň döwlet Baştutanynyň bir ýylyň içinde Imperator tarapyndan iki gezek kabul edilmegi seýrek duş gelýän wakadyr. Bu ýagdaý ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklaryň görlüp-eşidilmedik ýokary derejesiniň nyşanydyr – diýip, jenap Sasaki Hirosi belledi.

Döredilen binýada daýanyp, Ýaponiýanyň ilçihanasy 2026-njy ýylda öz işini has-da giňeltmegi meýilleşdirýär. Türkmenistanyň bazarynda ýapon kompaniýalaryna goldaw bermek, ýapon dilini okatmak boýunça bilim maksatnamalaryny ösdürmek we medeni alyş-çalşy işjeňleşdirmek ileri tutulýan ugurlaryň hatarynda durýar.

Häkimiýet başyndaky hökümdaryň doglan güni mynasybetli dabaraly kabul edişlikleriň guralmagy Ýaponiýanyň dünýäniň dürli künjeklerindäki diplomatik wekilhanalary üçin köpýyllyk däbe öwrülendir. Bu waka her ýyl ýurduň esasy döwlet baýramlarynyň biri hökmünde bellenilýär. Şu ýyl Onuň Alyhezreti Imperator Naruhito 66 ýaşar, baýramçylygyň resmi senesi bolsa 23-nji fewraldyr.