Ï Daşoguz welaýatynda maldarçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biridir
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynda maldarçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biridir

view-icon 76
Daşoguz welaýatynda maldarçylyk oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biridir

Şu günler Daşoguz welaýatynyň maldarlary tarapyndan üstünlikli alnyp barylýan mallary gyşlatmak möwsüminde öňden taýýarlanylan ot-iýmleriň ýeterlik mukdarynyň bolmagy uly orun tutýar. Häzirki wagtda bar bolan şol ätiýaçlyk gorlary mallary zerur bolan ýokumly maddalar bilen üpjün edýär.

Sebitiň howa şertlerini göz öňünde tutanyňda, ot-iým binýadynyň ýerli maldarçylyk üçin elmydama möhüm ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Mallary ýatakda saklamak döwründe olaryň önümliligini we sagdynlygyny saklamak hut şoňa baglydyr. Ot-iýmiň ýeterlik gorunyň bolmagy, şeýle hem mallaryň baş sanynyň abat saklanmagyny we olaryň köpelmegini kepillendirýär.

Welaýatyň ekerançylary muňa doly düşünmek bilen, her ýyl bede, irimçik we konsentrirlenen iýmleri taýýarlamaga hem-de olary mallaryň gyşlaýan ýerlerine wagtynda eltmäge aýratyn jogapkärçilikli çemeleşýärler. Ot ormak, ýygnamak we gorlary degişli ýerlerine eltip bermek üçin zerur bolan ýöriteleşdirilen tehnikalaryň bolmagy netijesinde, olar bellenilen wezipeleri üstünlikli başarýarlar.

Şeýlelikde, şu gyşky möwsüm üçin hem jemi taýýarlanylan dürli ot-iýmleriň mukdary meýilleşdirileninden artyk boldy. Şol sanda ýandak we iri baldakly otlary taýýarlamak boýunça meýilnama artygy bilen berjaý edildi. Welaýatda maldarçylyk, şol sanda örüde bakylýan maldarçylygy oba hojalygynyň esasy pudaklarynyň biri bolup durýar. Dürli döwlet maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, pudagyň hünärmenleri häzirki zaman tehnologiýalaryna esaslanýan hojalygy ýöretmegiň öňdebaryjy usullaryndan has işjeň peýdalanýarlar.