Lebap welaýatynda üstümizdäki oba hojalyk ýylynda 1 müň 400 gektar ýerde ýazlyk ýeralma ekilip, ondan 19 müň 600 tonna hasyl almak göz öňünde tutulýar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 140 sentnere barabar boljakdygyny aňladýar.
Sebitde etraplaryň ählisinde hem jogapkärli möwsüme taýýarlykly gelnip, bu möhüm azyklyk ekininiň ekiljek ýerleri öňünden kesgitlenipdir we tejribeli daýhanlara ynanylypdyr. Ýeralmanyň ýokary hasyl berýän, sebitiň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän, synagdan geçen tohumlarynyň saýlanyp alynmagy hem-de ýaz ekişine bellenilen möhletde guramaçylykly girişilmegi welaýatda bu wezipä jogapkärli çemeleşilýändiginiň subutnamasydyr.
Häzirki wagtda her günde 75 gektar töweregi ýerde agrotehniki kadalara laýyklykda ýeralma ekilip, welaýat boýunça şu güne çenli jemi ekiş geçirilen meýdanyň möçberi 670 gektardan aşypdyr. Bu görkeziji bolsa jemi ekilmeli ýeriň 50 göterime golaýydyr. Şeýle hem agrotehniki görkezmelere laýyklykda ekiş geçirilende her gektara 2 müň 800 kilogram tohumlyk ýeralma harç edilipdir. Ýeralmanyň bol hasylynyň kemala getirilmeginde Çärjew, Dänew, Saýat etraplarynyň uly goşandynyň bardygyny, bu ýerlerde ýazky möwsümde degişlilikde 380, 300 hem-de 200 gektar meýdanda ýeralma ekilýändigini-de belläp geçmek bolar.
Gündogar sebitde ýazlyk soganyň ekişine-de guramaçylykly girişildi. Welaýat boýunça möwsümde jemi 900 gektar ýerde ýazlyk sogan ekmek meýilleşdirilipdir. Häzirki wagtda her günde 80 gektar töweregi ýerde sogan ekilip, sebit boýunça jemi ekiş geçirilen meýdan 600 gektara ýakynlapdyr. Döwletli etrabynda 260, Çärjew etrabynda 250, Kerki hem-de Dänew etraplarynyň hem her birinde 100 gektar meýdanda ýazlyk soganyň ekilmegi bu etraplaryň zähmetsöýer daýhanlarynyň welaýat boýunça soganyň bol hasylynyň alynmagyna uly goşant goşýandyklaryny görkezýär.
Sebitiň agrosenagat toplumynda alnyp barylýan işler lebaply daýhanlaryň oba hojalyk önümlerini öndürmek boýunça öňde goýlan döwlet maksatnamalaryny üstünlikli amal etjekdiklerine şaýatlyk edýär.