Ï Tans we folklor toparlary bäsleşdiler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tans we folklor toparlary bäsleşdiler

view-icon 182
Tans we folklor toparlary bäsleşdiler
Tans we folklor toparlary bäsleşdiler
Tans we folklor toparlary bäsleşdiler
Tans we folklor toparlary bäsleşdiler
camera-icon
Andreý Pakulow

Şu günler «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly mynasybetli Balkan welaýatynda dürli çärelerdir dabaralar ýokary derejede ýaýbaňlandyrylýar. Günbatar sebitiň merkezi Balkanabat şäheriniň «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde guralan bäsleşik hem şeýle dabaraly çäreleriň üstüni ýetirdi.

Balkan welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde geçiren welaýat bäsleşigi «Bedew batly at-myradyň mekany-tans, folklor dessury-döwrüň mukamy» diýlip atlandyryldy. Hormatly Prezidentimiziň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe medeniýet toplumyny ösdürmekde edýän taýsyz tagallalaryna jogap edip, bu ugurdaky wajyp işleri kämilleşdirmek, medeni hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmak, ösüp gelýän ýaş nesilleriň medeniýete we sungata, halk döredijiligine bolan söýgüsini artdyrmak maksady bilen yglan edilen bu bäsleşige etrap-şäherleriň tans, folklor toparlary işjeň gatnaşdylar. Olar bäsleşigiň dowamynda onuň şertlerine laýyklykda, özleriniň ukyplarydyr başarnyklaryny, zehinlerini görkezdiler.

Täsirli, şowhunly ýagdaýda geçen bäsleşigiň dowamynda oňa gatnaşyjylar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna bagyşlanan aýdymly tansy, şeýle-de folklordan parçalary ýerine ýetirmekde özara bäsleşdiler. Tans we folklor toparlarynyň her bir çykyşy tomaşaçylar tarapyndan şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Emin agzalarynyň gelen netijeleri esasynda bäsleşikde tans sungaty boýunça welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň «Misserian» tans topary baş baýragy eýeledi. Şeýle-de Türkmenbaşy şäheriniň «Ýaşlyk», Türkmenbaşy etrabynyň «Kenar» hem-de Esenguly etrabynyň «Deňiz» tans toparlary degişli baýrakly orunlara mynasyp boldular.

Şowhunly bäsleşikde folklor toparlarynyň arasynda Balkanabat şäheriniň «Şapak» folklor topary aýratyn tapawutlanyp, baş baýraga mynasyp boldy. Şonuň ýaly-da Bereket etrabynyň «Bereket ýaýlasy», Gyzylarbat etrabynyň «Köpetdag» we Türkmenbaşy şäheriniň «Miras» folklor toparlary degişlilikde 1-nji, 2-nji we 3-nji orunlary eýelemegi başardylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolan tans hem-de folklor toparlaryna Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.