Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna amala aşyran saparynyň dowamynda «Al-Arabiýa» teleýaýlymyna beren interwýusynda türkmen-amerikan işewürlik hyzmatdaşlygy barada gürrüň berip, onuň strategik we uzak möhletleýin häsiýete eýedigini nygtady.
Gahryman Arkadagymyz täsirli sanlary mysal getirdi – özara gatnaşyklaryň ýyllary içinde Türkmenistanda amerikan işewürliginiň gatnaşmagynda ýüzlerçe taslama amala aşyryldy we häzirki wagtda durmuşa geçirilýär. Olaryň umumy bahasy takmynan 45 milliard amerikan dollaryna barabardyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri energetika, ulag, oba hojalygy we azyk senagaty ýaly pudaklary öz içine alyp, ýurdumyzda onlarça ýyllaryň dowamynda üstünlikli işleýän esasy kompaniýalary aýratyn belledi. Olaryň hatarynda «Boeing» we «Sikorsky», «John Deere», «Case» we «Caterpillar», «General Electric», «Coca-Cola» hem-de beýlekiler bar.
Ykdysady gatnaşyklary pugtalandyrmakda türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2008-nji ýylda döredilen türkmen-amerikan işewürlik geňeşine aýratyn orun degişlidir. Şu günki günde özara hereket etmegiň bu görnüşi hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny tapmagyň esasy guralyna öwrüldi.
«Şol bir wagtda özara mümkinçilikleri has giňden peýdalanyp boljakdygy äşgärdir. Ilki bilen, Türkmenistanyň ykdysadyýetini diwersifikasiýa etmegi, ýokary tehnologiýaly önümçilikleri giňden ornaşdyrmagy, iri milli we halkara infrastruktura taslamalaryny durmuşa geçirmegi göz öňünde tutmak gerek» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri aýtdy.
Gahryman Arkadagymyz iki ýurduň hyzmatdaşlygynyň anyk geljekki ugurlaryna hem aýratyn ünsi çekdi.
«Biz Türkmenistanda innowasion we ylma esaslanýan önümçilikleriň ösüşine amerikan maýa goýumlaryny, tehnologiýalaryny çekmek babatda uly mümkinçilikleri görýäris. Şeýle-de elektroenergetika, kompýuter, logistika hyzmatlary, bilim we işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak ýaly ugurlarda amatly şertler bar» diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.