Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda «Terjime – medeniýetleriň dialogy» atly bäsleşigiň jemi jemlendi.
Ýokary okuw mekdebiň talyplarynyň arasyndaky döredijilik bäsleşigi olaryň saýlan hünärlerine gyzyklanmalaryny artdyrmak we terjimeçilik başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirildi.
Bäsleşýänleriň wezipesi meşhur daşary ýurt ýazyjylarynyň ozal metbugat neşirlerinde çap edilmedik eserlerinden bölekleri çeper terjime etmekden ybarat boldy. Bäsleşigiň şertine laýyklykda, eseri institutda öwrenýän dilinden türkmen diline terjime etmeli.
Eminler mazmunyň ýetirilişiniň takyklygyna, stilistik talaplara laýyk gelşine hem-de türkmen edebi diliniň kadalarynyň berjaý edilişine baha berdiler. Eminler topary Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň daşary ýurt dilleri boýunça mugallymlaryndan, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň ýanyndaky «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň redaksiýasynyň terjimeçilerinden ybarat boldy.
Bäsleşigiň netijeleri boýunça gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Şemşat Azadowa birinji orny eýeledi.
Ikinji orny rus dili we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Humaý Muhaýewa eýeledi.
Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Arslan Tejenow, şol fakultetiň 3-nji ýyl talyby Merýem Meredowa hem-de Ýewropa dilleri we edebiýaty fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Merjen Gubaýewa üçünji orna mynasyp boldular.
Ýeňijiler we baýrak eýeleri institutyň diplomlary we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. Mundan başga-da, talyplary eminler tarapyndan ykrar edilen işleri «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň geljekki sanlarynda çap etmek teklip edildi.
Guramaçylaryň belleýişleri ýaly, geçirilen bäsleşik talyplaryň diňe bir daşary ýurt dillerini hem-de geljekki hünärini öwrenmeklerine uly gyzyklanmalaryny görkezmän, eýsem, dünýä edebiýatyny türkmen dilinde wagyz etmäge goşant goşup, medeniýetleriň arasynda özara düşünişmegiň köprüsini pugtalandyrdy.