Ï Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri bilen duşuşyk geçirildi

view-icon 186

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Beýik Britaniýanyň Patyşasynyň atçylyk gwardiýasynyň ýerleşýän ýerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň Beýik Britaniýanyň Döwlet goranmak ministri Lord Rodni Kouker bilen duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.

Geçirilen duşuşygyň çäklerinde sebit howpsuzlygy, özara düşünişmegiň pugtalandyrylmagy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Beýik Britaniýanyň arasynda dialogy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Häzirki zaman wehimlerine we howplaryna garşy täsirli çäreleriň kämilleşdirilmegi, şeýle hem hünärmenleri taýýarlamak ulgamynda tejribe alyşmaga aýratyn üns berildi.

Çärä gatnaşyjylar sebit hem-de halkara derejesinde durnuklylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen konstruktiw we ynanyşmaga daýanýan hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň ähmiýetini nygtadylar.