Ï Aşgabatda Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli türkmen-hytaý konserti geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aşgabatda Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli türkmen-hytaý konserti geçirildi

view-icon 135
Aşgabatda Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli türkmen-hytaý konserti geçirildi
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Täze ýyly we Bahar baýramy mynasybetli Döwlet simfoniki orkestriniň dostlukly ýurduň medeniýet we sungat işgärleri bilen bilelikdäki konserti boldy. «Ýüpek ýolunyň owazlary – şadyýan bahar baýramy» atly aýdym-sazly maksatnama iki ýurduň sungat ussatlaryny bir ýere jemledi we tomaşaçylara hytaý halkynyň baý mirasy bilen ýakyndan tanyş bolmak hem gadymy Gündogar däp-dessurlarynyň täsirini duýmak üçin özboluşly mümkinçilik döretdi.

Köşgüň giň dalanynda gyzyl hytaý çyralary bilen bezelen sergi guraldy. Myhmanlar hytaý kalligrafiýasy, däp bolan ýüz örtükleriniň suratyny çekmek sungaty, şeýle hem şowlulygy, bagty we sazlaşygy alamatlandyrýan gurnama nagyşlary kesip ýasamak boýunça ussatlyk sapaklaryna gatnaşmak mümkinçiligine eýe boldular. Sapaklara işjeň gatnaşan myhmanlara hususy ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy. Mundan başga-da, hemmeler hytaý tagamlaryny dadyp görmek mümkinçiliginden peýdalandylar.

Çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekil Çžun Hua we Türkmenistanyň Medeniýet ministri Atageldi Şamyradowyň gatnaşmagynda resmi taýdan açyldy.

Hanym Çžun Hua öz çykyşynda Hytaý Täze ýylynyň – Bahar baýramynyň täzelenişiň we maşgala agzybirliginiň nyşanydygyny, onuň 2024-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna hakly bolup goşulandygyny nygtady. Ol hytaý medeniýetinde gujuryň we üstünligiň beýany bolan atyň keşbine aýratyn üns berdi.

«Atlar barada aýdylanda, rowaýata öwrülen ahalteke bedewlerini ýatlamazlyk mümkin däl. Türkmen halkynyň buýsanjyna öwrülen bu behişdi bedew Hytaýyň taryhynda hem aýratyn orun eýeleýär. Iki müň ýyldan-da mundan öň ahalteke atlary Beýik Ýüpek ýoly bilen Hytaýa gelip, dostlugymyzyň janly nyşanyna öwrülipdir» diýip, diplomat belledi.

Bu bilelikdäki baýramyň ýurdumyzda ««Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly diýlip yglan edilen 2026-njy ýylda geçirilmeginde hem ähmiýet bar. Bu, diňe bir taryha hormat goýmak bolman, eýsem iki döwletiň döwlet Baştutanlarynyň paýhasly ýolbaşçylygynda ýurtlarymyzyň arasyndaky ynsanperwer hyzmatdaşlygyň barha jebisleşýändiginiň we netijesiniň artýandygynyň subutnamasydyr.

Agşamyň sazly bölegini hytaýyň «Touchroad» sungat topary açdy. Artistler halk saz gurallarynda ussatlyklaryny we şowhunly horeografik çykyşlary görkezdiler. Jadygöýlige ýakyn sungat bolan Siçuan operasyndan – meşhur «Örtükleriň çalşygy» tomaşasyndan görkezilen parçalar – tomaşaçylarda hakyky şatlygy döretdi.

Türkmen tarapynyň çykyşlarynda-da ylham şondan az bolmady. Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestriniň ýerine ýetirmeginde Nury Halmämmedowyň ölmez-ýitmez eserleri ýaňlandy. Agşam bilelikdäki çykyşlar bilen jemlendi, onda hytaýly aýdymçylar türkmen orkestriniň sazandalygynda çykyş edip, iki medeniýetiň doly sazlaşygyny görkezdiler.

Konsert zaly ýagtylyk we umyt bilen dolduran «Çyragy röwşen Hytaý» kompozisiýasy bilen tamamlandy. Hytaý wekiliýetiniň agzalary agşamy tamamlamak bilen, döredijilikli gepleşikleriň dowam etdiriljekdigine umyt bildirdiler we türkmen sungat ussatlaryny jogap konsertleri bilen çykyş etmäge Şanhaýa çagyrdylar.