Ï Türkmenistan bilen Pakistanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan bilen Pakistanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 196
Türkmenistan bilen Pakistanyň parlamentara hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

2026-njy ýylyň 25-nji fewralynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Parlament binasynda Türkmenistanyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Mowlämowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Senatynyň Başlygy Saýed Ýusuf Reza Gilani bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-pakistan parlamentara hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny we geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Parlament dialogyny mundan beýläk-de pugtalandyrmaga özara gyzyklanma bellenildi, şeýle hem özara bähbitli infrastruktura we energetika taslamalaryny ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşygyň netijeleri boýunça taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy yzygiderli çuňlaşdyrmagyň sebit durnuklylygynyň pugtalandyrylmagyna hem-de Türkmenistanyň we Pakistanyň halklarynyň arasyndaky özara bähbitli gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldilmegine ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.