Ï Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň akkreditasiýasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň akkreditasiýasy

view-icon 125
Türkmenistanyň IRENA-nyň ýanyndaky Hemişelik wekiliniň akkreditasiýasy

2026-njy ýylyň 24-nji fewralynda Abu-Dabi şäherinde Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Baýram Baýramowyň Halkara gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri boýunça agentliginiň (IRENA) Baş direktory Françesko La Kamera Türkmenistanyň bu halkara guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili hökmünde ynanç hatyny gowşurmagynyň dabaraly çäresi geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Dabaradan soňra bolan resmi kabul edişligiň dowamynda Hemişelik wekil Agentligiň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Mähirli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, IRENA-nyň Baş direktory diplomaty jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady hem-de Agentligiň Türkmenistan bilen köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy has-da çuňlaşdyrmaga taýýardygyny mälim etdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar strategik hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ileri tutulýan ugurlary boýunça giňişleýin pikir alyşdylar. «Ýaşyl» wodorod öndürmek we gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleriniň öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak babatdaky bilelikdäki başlangyçlary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselelerine aýratyn üns berildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda taraplar Durnukly ösüş maksatlaryna (DÖM) ýetmäge we ählumumy ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmäge gönükdirilen uzak möhletleýin gepleşikleri dowam etdirmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar.