Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ara alnyp maslahatlaşylan mowzuklaryň biri-de telekeçiligi ösdürmek meselesi boldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew iki uly çärä – Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan sergä we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara foruma görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Häzirki güne çenli eýýäm 70-e golaý daşary ýurt kompaniýasy we halkara guramasy çärelere gatnaşjakdygyny tassyklady. Çärä gatnaşjaklary hasaba almak dowam edýär, bu bolsa daşary ýurt işewür adamlarynyň ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerine bolan gyzyklanmasynyň ýokarydygyny görkezýär.
Türkmenistan tarapyndan foruma degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň (TSTB) agzalary gatnaşar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hususy pudagy goldamagyň we telekeçilik şertlerini gowulandyrmagyň strategiýa taýdan möhümdigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz oňa ýurdumyzda telekeçiligiň üstünliklerini görkezmek we täze maýa goýumlaryny çekmek üçin niýetlenen geljekki çäreleriň ýokary derejede guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.