Ï Ýol infrastrukturasynyň ösüşi: hereket howpsuzlygy we rahatlygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýol infrastrukturasynyň ösüşi: hereket howpsuzlygy we rahatlygy

view-icon 123
Ýol infrastrukturasynyň ösüşi: hereket howpsuzlygy we rahatlygy

Ýurdumyzyň demirgazyk sebitiniň awtomobil ýollarynyň ulgamyny giňeltmek we degişli derejede saklamak boýunça möhüm işleri Daşoguz welaýatynyň awtomobil ýollary müdirliginiň işgärler topary amala aşyrýar.

Şu günler müdirligiň hünärmenleri Boldumsaz etrabynyň «Zähmetkeş» daýhan birleşigine barýan awtomobil ýolunyň bir bölegini döwrebaplaşdyrmak boýunça degişli işleri alyp barýarlar. Bu ýerde bir ýarym kilometrlik ýol durky täzelendi we häzirki wagtda asfalt düşelýär.

Şeýle çäreler Boldumsaz we Akdepe etraplarynyň oba ýerlerindäki käbir ýol böleklerinde, şeýle hem Daşoguz şäherinde geçirilýär.

Şu ýylyň dowamynda müdirligiň hünärmenleri welaýatyň dürli künjeklerinde köp sanly degişli işleri ýerine ýetirerler. Olary, esasan, Gubadag etrabynda ýerleşýän asfalt zawody ýol üçin zerur önümler bilen üpjün edýär.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýaty ösen ýol-ulag infrastrukturasyna eýedir. Sebitde ulag geçelgeleriniň we kommunikasiýalarynyň ulgamyny giňeltmek hem-de degişli ýagdaýda saklamak üçin zerur şertleriň bolmagy, şeýle hem her ýyl ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan alnyp barylýan degişli işler ýük we ýolagçy gatnawlarynyň möçberiniň yzygiderli artmagyna, awtomobil ýollarynda hereket howpsuzlygynyň we rahatlygyň ýokarlanmagyna ýardam berýär.