Ï IFT 2026: Halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk döwlet derejesinde alnyp barylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

IFT 2026: Halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk döwlet derejesinde alnyp barylýar

view-icon 367
IFT 2026: Halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk döwlet derejesinde alnyp barylýar

IFT 2026: «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri meýilnama laýyklykda alnyp barylýar hem-de döwlet derejesinde aýratyn üns merkezinde saklanylýar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanan halkara sergini hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara maýa goýum forumyny (IFT 2026) guramak meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary taýýarlyk işleriniň alyp barlyşy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, geçiriljek çärelerde daşary ýurt kompaniýalarynyň we halkara guramalarynyň takmynan 70-e golaýynyň gatnaşjakdygyny tassyklady. Türkmenistan tarapyndan degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, hususy pudagy yzygiderli ösdürmegiň, telekeçilik işini kämilleşdirmegiň hem-de milli ykdysadyýete maýa goýumlaryny işjeň çekmegiň möhümdigini belledi. Türkmenistanyň Prezidenti halkara serginiň we «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumynyň ýokary guramaçylykly we giň mazmunly derejesinde geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Maýa goýum hyzmatdaşlygynyň strategik meýdançasy

IFT 2026 - maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmek, hususy pudagyň taslamalaryny ilerletmek we işewür gatnaşyklary berkitmek üçin möhüm halkara meýdança bolar. Forum anyk netijeleri gazanmaga gönükdirilendir — gepleşikleriň geçirilmegi, anyk ylalaşyklaryň gazanylmagy we maýa goýum başlangyçlarynyň amala aşyrylmagy göz öňünde tutulýar.

Forumyň esasy ugurlary şulary öz içine alýar:

— hususy pudagyň ösüşi;

— döwlet-hususy hyzmatdaşlygy;

— agrar pudagy we azyk howpsuzlygy;

— infrastruktura we ulag ulgamyna maýa goýumlarynyň ösüşi;

— sanly özgertmeler.

«Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň hususy pudagyň halkara sergisi bilen bir wagtda geçiriler. Bu çäreleriň utgaşdyrylmagy ýurduň maýa goýum hem-de önümçilik mümkinçiliklerini giňişleýin görkezmäge, işewürler bilen döwlet edaralarynyň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmaga şert döreder.

Forumyň çäklerinde B2B, B2G we B2C görnüşindäki hyzmatdaşlyk formatlary göz öňünde tutulýar.

Guramaçylar hasaba alnyşyň dowam edýändigini habar berýärler.