Ï Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi

view-icon 436
Täjigistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasaryny kabul etdi

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon Söwda-ykdysady we ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin Duşenbe şäherine gelen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Taňryguly Atahallyýewi kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär.  

Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň we özara bähbitli hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösdürilýändigini bellemek bilen, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylmy-tehniki ugurlarda özara gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Hökümetara toparynyň işiniň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmakda we iki ýurduň arasyndaky däp bolan dostluk gatnaşyklaryny berkitmekde möhüm gural bolup hyzmat edýändigi nygtaldy.