Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylyk etmeginde Döwlet simfoniki orkestriniň konserti boldy.

Konsert Aleksandra Pahmutowanyň «Plýuşşiha köçesindäki üç derek» filmi üçin ýazylan liriki sazy bilen başlandy. Çuňňur we akgynly bu saz tutuş konsertiň girişi kimin ýaňlandy. Agşamyň maksatnamasy her orkestr sazyndan soň bir aýdym, elbetde, zenana bolan söýgi barada aýdym ýerine ýetiriler ýaly düzülipdir.

Waleriý Gawriliniň «Anita» baletindäki walsy özüniň jadyly gözelligi bilen diňe bir tomaşaçylary däl, eýsem, dirižýoryň özüni hem bendi etdi. Orkestre ýolbaşçylyk edýän pursatlarynda onuň bu ajaýyp eserden lezzet alýandygy duýulýardy.

Wals sazlarynyň bu akymyna Ýewgeniý Doguň «Meniň mylaýym we näzik haýwanym» atly filmine ýazylan ajaýyp saz-da goşuldy.

Wokalistler hem ajaýyp çykyş etdiler. Maýsa Nyýazowa, Aýna Weliahmedowa, Döwran Şammyýew we Mansur Şaripow dürli ýyllaryň iň ilhalar aýdymlaryny ylham bilen ýerine ýetirdiler. Olaryň arasynda Arno Babajanýanyň «Saňa minnetdar», Ýewgeniý Ptiçkiniň «Söýginiň ýaňy», Alekseý Çumakowyň «Täsin gyz» we Dawid Tuhmanowyň «Garşymdaky şu gözler» ýaly aýdymlar bardy.

Resul Gylyjow nobatdaky çykyşy – Mansur Şaripowyň ýerine ýetirmeginde Filip Kirkorowyň «Ýeketägim» aýdymyny aýtjakdygyny yglan etdi welin, konserte gelen her bir zenan özüni ýeketäk gözel ýaly duýdy.

Konsert «Horwat rapsodiýasy» we «Sygan tansy» ýaly tolgundyryjy sazlar bilen dowam etdi.

Dirižýor tomaşaçylardan «Haýsy aýdymy gaýtalamaly?» diýip soranda, tomaşaçylar Filip Kirkorowyň aýdymyny ýene-de eşitmek isleýändiklerini aýtdylar. Ýene-de Mansur Şaripowyň ýerine ýetirmeginde her bir zenana ýüzlenýän mylaýym sözler ýaňlandy.

