Ï Daşoguz şäheriniň bagy-bossanlygyndaky tuýalar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz şäheriniň bagy-bossanlygyndaky tuýalar

view-icon 145
Daşoguz şäheriniň bagy-bossanlygyndaky tuýalar

Yzygiderli geçirilýän bag ekmek çäreleri, şol sanda her ýylky ählihalk bag ekmek dabaralarynyň netijesinde Daşoguzyň bag-bakjalary barha gözelleşýär. Bu günki gün şäheriň köçelerini, seýilgählerini we meýdançalaryny iňňe pürli, ýaprakly hem gyrymsy agaçlar bezeýär.

Olaryň arasynda tuýa we dagdan, güjüm, derek, tut, ýata arça agajynyň, şeýle hem bezeg zirkiniň birnäçe görnüşi bar. Şäheriň seýil baglarynyň barha köp bölegini iňňe ýaprakly agaçlaryň we tuýanyň dürli görnüşiniň eýeleýändigini bellemek gerek.

Ýerli bagbanlaryň arasynda Gündogar tuýasy diýlip atlandyrylýan Tuýa orientalis we şor topraklarda ösüp bilýän Gündogar biotasy ýaly görnüşler ideg dandamaýanlygy sebäpli meşhurdyr.

Tuýalar diňe bir ýerli toprak hem howa şertlerinde gowy ösmek bilen çäklenmän, eýsem çalt boý alýarlar. Özi-de, olar indi hususy jaýlary barha köp bezeýärler. Olar ýerli ilaty diňe bir owadan görnüşi bilen däl, eýsem peýdaly häsiýetleri bilen hem özüne çekýärler. Tuýanyň düzüminde, onda-da ähli görnüşinde köp mukdarda fitonsid bar. Bu fitonsidler ýylyň dowamynda kislorod bölüp çykarýarlar we howany tozandan arassalaýarlar. Tuýalar şekil bermek, aýmança döretmek üçin amatlydyr, şeýle hem şol sanda toparlaýyn ekişde giňden ulanylýar. Tuýanyň ekişde we idegde dannawsyzlygynyň, ömrüniň uzaklygynyň we zyýanly mör-möjeklere garşy durnuklylygynyň-da ähmiýeti az däldir. Olar islendik manzarany üýtgedip bilýär diýlip, hasap edilýär.

Häzirki wagtda tuýalar şäheriň merkezi köçeleriniň bölüji orta zolaklaryny bezemek bilen, garşyma-garşy gelýän ulag akymynyň arasynda «gök guşak» döredýärler. Bu ýerde olar diňe bir gözellik döretmek bilen çäklenmän, eýsem sürüjileriň gözlerini garşydan gelýän awtoulaglaryň çyralarynyň düşmeginden goraýarlar we howanyň tüsseden hapalanmagynyň öňüni alýar. Daşogzuň bagdyr seýilgähleriniň tuýalar bilen yzygiderli doldurylmagyna hemişe gök öwsüp duran bu ösümlikleriň tohumlarynyň ýöriteleşdirilen edaralar tarapyndan her ýyl güýzde ýygnalmagy hem ýardam edýär, soňra nahalhanalarda olardan howa şertlerine çydamly nahallar ösdürip ýetişdirilýär.