Ï Ählihalk bag ekmek dabarasyna doly taýýarlykda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ählihalk bag ekmek dabarasyna doly taýýarlykda

view-icon 247
Ählihalk bag ekmek dabarasyna doly taýýarlykda

Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, gözel tebigatymyzyň görküne görk goşmak baradaky asylly ýörelgeleri bagtyýar ildeşlerimiziň arasynda giň goldaw tapýar.

Döwlet Baştutanymyzyň üstümizdäki ýylyň 13-nji martynda geçiren Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde daşky gurşawy goramak, ekologik abadançylygy üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen Türkmenistanda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek baradaky Karara gol çekmegi bu ugurda döwlet derejesinde tutumly we yzygiderli işleriň alnyp barylýandygynyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlary ýurdumyzyň Gündogar sebitinde hem ýokary watançylyk duýgulary bilen kabul edilýär we durmuşa geçirilýär. Berkarar Diýarymyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly ýylyň-ýylyna welaýatda miweli, pürli, saýaly we üzüm agaçlarynyň müňlerçe düýbi oturdylýar, şeýle hem öňden bar bolan baglara ideg işleri geçirilýär. Welaýatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda hem ählihalk bag ekmek dabarasyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar. Welaýat boýunça esasy bag ekmek dabarasy 21-nji martda Türkmenabat – Mary awtoulag ýolunyň Gündogarynda, welaýat köpugurly söwda bazarynyň alkymynda ýerleşýän meýdany 10 gektara barabar ýerde geçirmek hem-de şol gün bu ýerde 4 müň düýp pürli agaç nahallaryny oturtmak meýilleşdirilýär.

Ählihalk bag ekmek dabarasyna tutuş sebit boýunça ýaşuly nesliň wekilleriniň, dürli kärde zähmet çekýän ildeşlerimiziň, talyp ýaşlaryň jemi 52 müňden gowragynyň gatnaşmaklygyna garaşylýar. Agzybirligiň, ata Watanymyza wepalylygyň, ýurdumyza, şol sanda, türkmen tebigatyna bolan çäksiz söýginiň ýüze çykmasyna öwrüljek bu tutumly çärede miweli, pürli, saýaly we üzüm agaçlarynyň, şol sanda tut nahallarynyň jemi 44 müň 700 düýbi oturdylar, öňden bar bolan baglara ideg işleri alnyp barlar. Ählihalk bag ekmek dabarasynda oturdyljak nahallar esasan welaýat we etrap tokaý hojalygy edaralaryndan, şeýle hem daýhan birleşiklerinden, etraplardaky edara-kärhanalardan alnar.

Ählihalk bag ekişlik dabarasynyň ýurdumyzda ýokary ruhubelentlige beslenip geçirilýän Milli bahar baýramy – Halkara Nowruz güni bilen utgaşmagy Berkarar Diýarymyzda toý-baýramlarymyzyň goşalap gelýändigini aňladýar. Bag ekmek dabarasynda dürli görnüşli bag nahallarynyň, gülleriň ajaýyp sergisiniň guralmagy, bu tutumly çäräniň medeniýet we sungat işgärleriniň şowhunly çykyşlary bilen bezemekleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ajaýyp keşbini emele getirer.