Ï Mogilýowyň wagongurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna ornaşmagy maksat edinýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Mogilýowyň wagongurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna ornaşmagy maksat edinýär

view-icon 387
Mogilýowyň wagongurluşyk zawody Türkmenistanyň bazaryna ornaşmagy maksat edinýär

Aşgabatda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli giň gerimli sergi öz işini dowam edýär. «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forum işewürlik maksatnamasynyň möhüm çäreleriniň biri bolar. Oňa Diýarymyzyň işewürliginiň wekilleri bilen birlikde iri daşary ýurtly kompanýalar hem gatnaşarlar.

Daşary ýurtly gatnaşyjylaryň hatarynda Belarus Respublikasynyň ulag maşyngurluşygynda öňdebaryjylaryň biri bolan «Mogilýow wagongurluşyk zawody» (MWZ) bar. 20 ýyldan gowrak taryhy bolan kärhana Türkmenistana hyzmatdaşlygynyň çäklerini giňeltmek üçin ileri tutulýan ugurlaryň biri hökmünde garaýar.

MWZ-iň marketing we satuwlar bölüminiň müdiri Andreý Harkewiç «Altyn asyr» elektron gazetiniň habarçysy bilen söhbetdeşlikde Russiýanyň hem-de Gazagystanyň bazarlarynda pugta orun alan kompaniýanyň Türkmenistanda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny görýändigini aýratyn nygtady.

«Biziň maksadymyz Türkmenistanyň bazarynyň isleglerini öwrenmekden we ýerli logistika kompanýalaryna zerur bolan çözgütleri teklip etmekden ybaratdyr. Biz Demirýol ulaglary ministrliginiň we beýleki ugurdaş edaralaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň tapgyryny geçirmegi meýilleşdirýäris» diýip, zawodyň wekili belledi.

Mogilýowyň zawody hereket edýän ýükli düzümleriň giň gerimli görnüşlerini öndürmäge ýöriteleşendir. Önümçiligiň her ýylky möçberi 2500 wagondan geçýär, olaryň hatarynda däne, sement hem-de mineral dökünleri daşamak üçin wagonlar bar. MWZ köpugurly ulag hökmünde ýarym wagonlary hem-de agaçlary we uly göwrümli beýleki gurluşyk serişdelerini daşamak üçin platformalary teklip edip biler. Şu ýyl zawod üsti ýapyk wagonlaryň önümçiligini işe girizmegi meýilleşdirýär.

Kärhananyň halkara derejesindäki üstünligi özüniň konstruktorçylyk bölüminiň işlemegi bilen şertlenendir. Zawodyň hünärmenleri häzire çenli bolan nusgalary döwrebaplaşdyrmak bilen yzygiderli meşgullanyp, olary howpsuzlygyň we ýük göterijiligiň häzirki zaman talaplaryna laýyk getirýärler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýurdumyzyň myhmany Aşgabatdaky IFT 2026 sergisiniň we forumnyň belorusly maşyngurluşykçylar üçin täze bazary özleşdirmekde möhüm tapgyra öwrülip, islegleriň deslapky öwrenilmeginden netijeli şertnamalara hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlyga geçmäge mümkinçilik berjekdigine umyt bildirdi.