Ï Pekinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Pekinde Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi

view-icon 177

2026-njy ýylyň 18-nji martynda Pekinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respublikasyna saparynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň HHR-iň Daşary işler ministri Wan I bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berilýär. 

Işjeň häsiýetde geçen söhbetdeşligiň dowamynda diplomatlar iki ýurduň ýokary ýolbaşçylygynyň arasyndaky parasatly syýasat we şahsy ynanyşmaga daýanýan gatnaşyklaryň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygynyň hil taýdan täze mazmuna eýe bolandygyny kanagatlanma bilen bellediler.

Duşuşygyň barşynda HHR-iň Daşary işler ministri Wan I türkmen halkynyň Milli Lideriniň hytaý halkynyň öňden gelýän we wepaly dostudygyny aýratyn nygtady. Döwlet baştutanlary tarapyndan tutulan dostluk binýadynyň ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň durnukly ösmegi üçin ygtybarly gollanma bolup hyzmat edýändigi bellenildi.

Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow hytaý tarapyny «iki sessiýanyň» üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady we Türkmenistanyň dünýäde howpsuzlygy hem-de durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen Hytaýyň dört sany ählumumy başlangyjyny goldamaga ygrarlydygyny tassyklady.

Köptaraplaýyn dialogy çuňlaşdyrmak üçin netijeli meýdança bolmaga gönükdirilen öňde duran üçünji «Merkezi Aziýa – Hytaý» sammitine görülýän taýýarlyk işlerine aýratyn üns berildi.

«Türkmenistan we Hytaý köpasyrlyk dostluk däplerine we deňhukuklylyk ýörelgelerine daýanyp, döwletara gatnaşyklaryny ählumumy parahatçylygyň we rowaçlygyň bähbidine ösüş ýoly bilen yzygiderli ilerletmegi dowam ederler» diýip, duşuşyga gatnaşyjylar bellediler.