Ï Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy we ählumumy integrasiýasy – IFT 2026 halkara forumyň esasy mowzuklarynyň hatarynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy we ählumumy integrasiýasy – IFT 2026 halkara forumyň esasy mowzuklarynyň hatarynda

view-icon 79
Türkmenistanyň makroykdysady durnuklylygy we ählumumy integrasiýasy – IFT 2026 halkara forumyň esasy mowzuklarynyň hatarynda

18-nji martda Aşgabatda geçirilýän «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» (IFT 2026) atly halkara forumynyň çäklerinde Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň häzirki ýagdaýy we ony dünýä söwda giňişligine utgaşdyrmagyň strategik meýilnamalary baradaky seljermesini hödürledi.

Ministriň orunbasarynyň çykyşy Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň mümkin bolan iň pes derejede töwekgelçilikler bilen ösüşiň ýokary dinamikasyny saklaýandygyny tassyklady. Geçen ýylyň esasy makroykdysady görkezijileri maliýe ulgamynyň durnuklylygyny görkezýär.

«Göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek Türkmenistanyň maýa goýum syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Emma diňe bir maýa çekmek däl, eýsem şol maýa goýumlarynyň hili hem örän möhümdir. Biz döwrebap tehnologiýalara, täze önümçilikleriň döredilmegine, adam maýasynyň ösdürilmegine, şeýle hem ekologik we ykdysady durnuklylygy üpjün edýän taslamalara gönükdirilen hyzmatdaşlyga üns berýäris» diýip, P.Ýagşyýew belledi.

Hasabatda ýurdumyzyň Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky esasy ulag merkezine öwrülmegine aýratyn orun berildi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan özüniň amatly geografik ýerleşişinden peýdalanyp, halkara ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär.

«Şu günki Türkmenistan diňe bir milli bazar däl-de, eýsem Ýewropa bilen Aziýanyň arasyndaky ulag çatrygydyr. Türkmenistan Gündogar – Günbatar we Demirgazyk – Günorta geçelgelerini işjeň ösdürýär, halkara logistika taslamalaryna gatnaşýar we üstaşyr geçelgelerdäki ornuny pugtalandyrýar. Logistikanyň ösmegi diňe bir ulag ulgamynda däl, eýsem energetika, senagat, agrosenagat pudagy ýaly ugurdaş pudaklarda-da maýadarlar üçin täze mümkinçilikleri açýar» diýip, P.Ýagşyýew nygtady.

P.Ýagşyýew öz çykyşynda daşary syýasatyň ýene bir möhüm ugrunyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) agza bolmakdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Türkmenistan milli kanunçylygy we söwda syýasatyny halkara standartlaryna uýgunlaşdyrmak arkaly BSG-ä goşulmak boýunça yzygiderli işleri durmuşa geçirýär.